Eýýup 36:1—33
36 Alyhuw sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2 «Biraz sabyr etseň, men düşündireýin,Hudaýyň adyndan aýtjak sözüm bar.
3 Bilýänimi giňişleýin düşündireýin,Ýaradanyň adalatlydygyny subut edeýin+.
4 Men hakykaty sözleýärin,Hemme zady bilýän+ öňüňde dur.
5 Hudaý gudratlydyr+, hiç kimden ýüz öwürmeýär,Aň-düşünjesi çuňdur.
6 Ol erbediň janyny goramaýar+,Ejiziň dawasyny adalatly çözýär+.
7 Dogruçyl adamlary gözden salmaýar+,Olary tagtda oturdyp*+, ebedilik beýgeldýär.
8 Olara gandal salynsa,Jebir-jepa ýüpleri baglansa,
9 Hudaý olaryň eden işlerini,Tekepbirlik bilen eden günälerini paş edýär.
10 Olaryň gulagyna nesihat guýýar,Erbet ýoldan dolanmagy ündeýär+.
11 Eger Hudaýa gulak asyp, gulluk etse,Bolçulykda ýaşarlar, bagtly ömür sürerler+.
12 Gulak asmasalar, gylyçdan ölerler+,Bilimsiz dünýäden öterler.
13 Hudaýsyzlar* ýüreginde öýke-kine saklaýarlar,
Hudaý gandal salsa-da, kömek soramaýarlar.
14 Olar ýaş wagty aradan çykýarlar+,Ömrüni buthanadaky azgyn erkekler* bilen geçirýärler*+.
15 Hudaý ejizleri kyn gününde goldaýar,Ezilenleriň gulagyna nesihat guýýar.
16 Ol seni agyr dertden gutarýar+,Gözýetmez, giň sähra çykarýar+,Saçagyňy dolduryp, göwnüňi göterýär+.
17 Erbetlere höküm çykarylar, jeza berler+,Şonda adalat dikeldiler, janyň aram tapar.
18 Seresap bol, gaharlanyp, ýamanlyk edäýme+,Para alyp, ýoldan çykaýma.
19 Kömek sorasaň-da, näçe urunsaň-da,Gaýgy-aladadan dynyp bilermiň?+
20 Adamlaryň öz ýerine geçýän wagtyny,Gijäni arzuw etme.
21 Ägä bol, kösenmejek bolup,Erbet ýoldan ýöräýme+.
22 Hudaýyň güýjüniň çägi ýokdur,Oňa taý geljek mugallym ýokdur.
23 Kim oňa maslahat berip* biler?+Kim oňa: „Edeniň nädogry“ diýip biler?+
24 Adamlar onuň işlerini wasp edýär+,Sen hem alkyş aýtmagy unutma+.
25 Olary ynsan ogullary görýär,Başy ölümli ynsan uzakdan ser salýar.
26 Hudaýyň beýikligine ynsan düşünmez+,Ýaşan ýyllaryny sanap bilmez+.
27 Ol suw damjalaryny ýygnaýar+,Olary buludyň içinde ýagşa öwürýär.
28 Soňra bulutdan ýagyş ýagýar+,Ynsanlaryň üstüne çabga guýýar.
29 Bulutlaryň ýaýraýşyny kim bilýär?Gök* gürrüldisine kim düşünýär?+
30 Asmanda ýyldyrym çakdyrýar+,Deňizleri suwdan doldurýar.
31 Şeýdip, ynsanlary goldaýar*,Saçagyny näz-nygmatdan doldurýar+.
32 Ýyldyrymy eline alýar,Nyşana tarap atýar+.
33 Ol barada gök gürrüldisi jar edýär,Mal-gara kimiň* gelýändigini duýdurýar.
Çykgytlar
^ Başga manysy: Ol patyşalary tagta çykaryp.
^ Ýa-da: Imandan dänenler.
^ Buthanadaky käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.
^ Başga manysy: Azgyn erkekleriň arasynda dünýäden ötýärler.
^ Başga manysy: ony ýazgaryp; ondan hasabat sorap.
^ Sözme-söz: Çadyryndan çykýan.
^ Başga manysy: ynsanlaryň arkasyny alýar.
^ Başga manysy: nämäniň.