Eýýup 38:1—41

  • Ýehowa ynsanyň ejizdigini aýdýar (1—41)

    • Ýeriň düýbüni tutanymda niredediň? (4—6)

    • Perişdeler joşup alkyş aýdýar (7)

    • Tebigat baradaky soraglar (8—32)

    • «Asmanyň kanunlary» (33)

38  Soňra Ýehowa harasadyň içinden+ Eýýuba şeýle diýdi:   «Akylsyzlyk bilen gepläp,Sözlerimi* ýoýýan kim?+   Indi erkek ýaly biliňi berk guşa!Men sorag berjek, senem jogap ber.   Ýeriň düýbüni tutanymda+, sen niredediň? Bilýän bolsaň, aýt hany!   Bilýäňmi, onuň ölçegini kim berdi?Daşyna ölçeg ýüpüni kim çekdi?   Ýeriň sütünleri nämä berkidildi?Düýp daşyny* kim goýdy?+   Daň ýyldyzlary+ bilelikde şatlandy,Perişdeler*+ joşup alkyş aýtdy.Şonda sen niredediň?   Deňiz joşup çäginden*+ çykanda,Öňüne kim böwet goýdy?   Deňzi bulutlar bilen,Tüm⁠-⁠garaňkylyk bilen örtdüm. 10  Deňze çäk çekdim+,Gapy goýup gulpladym. 11  „Şu ýere çenli gelip, mundan aňry geçme;Äpet tolkunlaryň şu ýerde togtasyn“+ diýdim.Şonda sen niredediň? 12  Sähere buýruk berip gördüňmi?Daň şapagyna+ ýerini görkezdiňmi? 13  Oňa ýer ýüzüne aýlanmagy,Erbetleri kowup çykarmagy tabşyrdyňmy?+ 14  Möhür basylan toýun deý, ýer ýüzi özgerýär,Nagyşly köýnek geýen ýaly owadanlaşýar. 15  Erbetleriň yşygy elinden alynýar,Ýokary galdyran gollary döwülýär. 16  Deňziň gözbaşyna baryp gördüňmi?Düýbüni barlap gördüňmi?+ 17  Ölümiň gapylaryny tapdyňmy?+Tümlügiň* derwezelerini gördüňmi?+ 18  Ägirt uly ýer ýüzüne akyl ýetirdiňmi?+ Bularyň baryny bilýän bolsaň, aýt hany! 19  Ýagtylygyň mekany nirede?+ Garaňkylygyň mesgeni nirede? 20  Olary öz mekanyna eltip bilermiň?Öýüne barýan ýoly görkezip bilermiň? 21  Sen şol döwür dünýä indiňmi?Şeýle zatlary biler ýaly, uzak ömür sürdüňmi? 22  Garyň ammarlaryna girdiňmi?+Jöwenegiň* ammarlaryny gördüňmi?+ 23  Men olary betbagtçylyk gününe,Uruş we söweş gününe saklaýaryn+. 24  Ýagtylyk* haýsy tarapdan çykýar?Gündogar ýeli nireden öwüsýär?+ 25  Sil akar ýaly ýap çeken kim?Gara buluda ýol çeken kim?+ 26  Ynsanyň aýak basmadyk ýerine,Janly⁠-⁠jemendesiz çöllere kim ýagyş ýagdyrýar?+ 27  Gurap ýatan topragy gandyryp,Gök otlary kim ösdürýär?+ 28  Ýagşyň atasy barmy?+Çygyň kakasy kim?+ 29  Buzuň ejesi kim?Gyrawy kim dünýä indirdi?+ 30  Suwuň ýüzi doňup gataýar,Deňziň ýüzi daş ýaly bolýar+. 31  Ülker ýyldyzyň* zynjyryny baglap bilermiň?Üç Ýyldyzyň*+ bagyny çözüp bilermiň? 32  Ýyldyzlar toparyny* öz wagtynda çykaryp bilermiň?Uly Ýedigene*, ogullaryna ýol görkezip bilermiň? 33  Asmanyň kanunlaryny bilýärmiň?+Ýerde olaryň* hökümini ýöredip bilermiň? 34  Çabga ýagsyn diýip,Bulutlara buýruk berip bilermiň?+ 35  Ýyldyrym çakdyryp bilermiň? Olar gelip: „Hyzmatyňa taýyn!“ diýerlermi? 36  Bulutlara* akyldarlygy+,Asmana* düşünjäni kim berdi?+ 37  Bulutlary sanap bilýän akyldar barmy?Asmanyň suwly küýzelerini kim döküp biler?+ 38  Şonda toprak batga öwrüler,Kesekler palçyga döner. 39  Ýolbars üçin aw awlap bilermiň?Arslanlaryň garnyny doýrup bilermiň?+ 40  Olar mekanynda ýatýarlar,Bukuda peýläp ýatýarlar. 41  Garganyň balalary açlykdan urnup,Hudaýa perýat edende,Kim olary iýmitlendirýär?+

Çykgytlar

Ýa-da: Maslahatymy; nesihatymy.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Hudaýyň ogullary.
Sözme-söz: ýatgydan.
Ýa-da: Ölüm kölegesiniň.
Ýa-da: Dolynyň; buzuň.
Başga manysy: Ýyldyrym.
Sözme-söz: Kimanyň.
Sözme-söz: Kesiliň.
Sözme-söz: Mazzarot. 2Pa 23:5-de bu sözüň köplük sany täleý ýyldyzyny aňladýar.
Sözme-söz: As.
Başga manysy: Hudaýyň.
Başga manysy: Ynsana.
Başga manysy: Onuň aňyna.