Işaýa 1:1—31

  • Ata we gozgalaňçy ogullar (1—9)

  • Ýehowa göz üçin edilýän seždäni ýigrenýär (10—17)

  • «Geliň, düşünişeliň!» (18—20)

  • Wepaly şäher Sion dikeldilýär (21—31)

1  Ýahuda patyşalary+ Uzyýanyň+, Ýotamyň+, Ahazyň+ we Hizkiýanyň+ döwründe Amozyň ogly Işaýanyň*+ Ýahuda hem-de Iýerusalim hakda gören görnüşi*:   Diňle, gök asman! Gulak as, zemin!+Ýehowa şeýle diýýär: «Men ogullarymy ekläp sakladym, kemala getirdim+.Emma olar maňa garşy çykdy+.   Öküz hojaýynyny tanaýar,Eşek eýesiniň ahyryny bilýär;Emma Ysraýyl meni* tanamaýar+,Halkym akmaklyk edýär».   Günäli halkyň+,Agyr günä batan milletiň,Erbet nesliň, azgyn çagalaryň waý halyna! Olar Ýehowany terk etdiler+,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýyny äsgermezlik edip,Ondan ýüz öwürdiler.   Urulmakdan ýaňa endam-janyňyz göm-gök bolsa-da, Näme üçin ýene-de gozgalaň turuzýaňyz?+Başyňyz ýaraly, ýüregiňiz dertli+.   Depäňizden dabanyňyza çenli abat ýeriňiz galmady. Ýaralaryňyz, gök düşen ýerleriňiz we çybanlaryňyz,Ýuwulmady, saralmady, üstüne ýag hem çalynmady+.   Ýurduňyz çöle öwrüldi, Şäherleriňiz otlandy, Ýatlar gözüňiziň alnynda hasylyňyzy ýalmap ýuwutdy+. Duşman çozan ýaly, ýurduňyz derbi-dagyn bolupdyr+.   Sion gyzy üzümçilikde dikilen çatma kimin,Hyýar atyzynda gurlan kepbe kimin,Daşy gabalan şäher kimin boldy+.   Serkerdebaşy ÝehowaKäbirimizi aman galdyrmadyk bolsady,Biz Sodom ýaly bolardyk,Gomorra meňzärdik+. 10  Sodomyň+ zalym hökümdarlary, Ýehowanyň sözüni diňläň! Gomorra+ halky, Allamyzyň kanunyna gulak goýuň! 11  Ýehowa şeýle diýýär:«Köp gurbanlyk berseňiz-de, maňa näme peýdasy bar?+ Ýakma gurbanlygy hökmünde berýän goçlaryňyzdan+,Baga bakylan mallaryňyzyň+ ýagyndan doýdum.Öküzçeleriň+, guzularyň,Geçileriň+ ganyndan bizar boldum+. 12  Kim size huzuryma gelip+,Howlymy depelemegi tabşyrdy?+ 13  Biderek galla sadakasyny getirmäň. Men tütetgiňizi ýigrenýärin+. Siz Täze aý baýramyny+ we Sabat günlerini+ belleýärsiňiz,Mukaddes ýygnaga+ gelýärsiňiz.Uly baýramlaryňyzda bolsa jadygöýlik edýärsiňiz+.Men muňa çydap oturmaryn. 14  Men siziň Täze aý baýramlaryňyzy,Beýleki baýramlaryňyzy ýigrenýärin. Olar maňa ýük boldy,Olardan halys ýadadym. 15  Elleriňizi göge galdyryp ýalbaranyňyzda,Gözümi sizden sowýaryn+. Yzyny üzmän doga edeniňizde+,Sizi diňlemeýärin+.Sebäbi elleriňizi bigünä gana boýadyňyz+. 16  Ýuwnuň, tämizleniň!+Gözümiň alnynda zalym işleri etmäň.Erbet işlerden el çekiň!+ 17  Ýagşylyk etmegi öwreniň, adalatly boluň+,Zalym adamy dogry ýola salyň.Ýetimleriň hakyny alyp beriň,Dul aýalyň arzyny diňläň»+. 18  Ýehowa şeýle diýýär: «Geliň, düşünişeliň!+ Günäleriňiz gyzyl mata ýaly bolsa-da,Men olary gar ýaly ak ederin+.Günäleriňiz gyrmyzy mata ýaly bolsa-da,Men olary ýüň kimin ak ederin. 19  Meniň sözüme ýürekden gulak assaňyz,Topragyň näz-nygmatyndan doýarsyňyz+. 20  Emma sözümi diňlemän, gozgalaň turuzsaňyz,Gylyçdan geçirilersiňiz+.Muny Ýehowa aýdýar!» 21  Wepaly şäher+ nädip ahlaksyz boldy?+ Öň şäherde adalatlylyk höküm sürýärdi+,Dogruçyllar ýaşaýardy+.Indi bolsa ganhorlaryň mekanyna öwrüldi+. 22  Eý şäher, kümşüň hapalandy+.Içgiňe* suw goşuldy. 23  Han-begleriň kesirdir, ogrulara şärikdir+, Ählisi para ýatdy, sowgatlar gözüni gapdy+. Olar ýetimiň hakyny alyp bermeýär,Dul aýalyň arzyny asla diňlemeýär+. 24  Şonuň üçin hak Hökümdar, Serkerdebaşy Ýehowa,Ysraýylyň gudratly Hudaýy şeýle diýýär: «Besdir! Indi duşmanlarymdan dynaryn,Olardan ar alaryn+. 25  Saňa güýçli golum bilen jeza bererin,Seni eredip, galyndylardan doly* arassalaryn,Ähli hapadan tämizlärin+. 26  Saňa gadymy döwürdäki ýaly kazylary,Öňki günlerdäki ýaly maslahatçylary bererin+. Şonda saňa Dogruçyl hem Wepaly şäher diýerler+. 27  Sion adalatlylyk bilen halas bolar+,Dolanan adamlar dogruçyllyk bilen gutular. 28  Boýnuýogynlar bilen günäkärler bilelikde gyrlar+,Ýehowany terk edenler ýok bolar+. 29  Siz beýik agaçlara göwün bereniňiz üçin utanarsyňyz+.Keramatly bag+ sebäpli masgara bolarsyňyz. 30  Siz ýapragy solan beýik agaja+,Suwsuz ýatan bag-bakja meňzärsiňiz. 31  Güýçli adam saman* kimin,Eden işleri uçgun kimin bolar.Olaryň ikisi-de bilelikde lowlap ýanar,Ody söndüren bolmaz».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Manysy: Ýehowa Halasgär.
Ýa-da: öz hojaýynyny.
Ýagny bugdaýdan ýasalan piwo.
Sözme-söz: aşgar bilen.
Sözme-söz: ýüp.