Işaýa 26:1—21

  • Umyt we gutulyş hakda aýdym (1—21)

    • Ýah Ýehowa ebedilik Arkadagdyr (4)

    • Il⁠-⁠gün adalatyňy öwrenýär (9)

    • «Ölüler direler» (19)

    • Içki otaglaryňyza giriň, gizleniň (20)

26  Şol gün Ýahuda ýurdunda+ şeýle aýdym ýaňlanar+: «Biziň berk galamyz bar+, Alla diwar we depe ýaly goraýar+.   Derwezeleri açyň+,Wepaly we dogruçyl halk içeri girsin.   Sen bütin ýüregi bilen bil baglaýanlary halas edersiň,Olary asuda hem parahat ýaşadarsyň+,Sebäbi olaryň daýanjy diňe sensiň+.   Ýehowa elmydama bil baglaň+,Sebäbi Ýah* Ýehowa ebedilik Arkadagdyr+.   Ol beýikde we belent şäherde ýaşaýan halky peseldýär, Ýere düşürýär,Ýer bilen ýegsan edýär,Gara guma garýar.   Ol aýak astynda galar,Ezilen adam ony basgylar, ejiz ony depelär».   Hudaýhon adamyň ýoly gönüdir, Sebäbi sen dogruçylsyň,Dogruçylyň ýoluny tekizleýärsiň.   Eý Ýehowa, hökümleriňi berjaý edýäris,Saňa umyt baglaýarys. Adyňa hormat goýýarys, hemişe adyň hakda oýlanýarys.   Seni gijelerine janym-tenim bilen küýsedim,Bütin durkum bilen gözledim+.Ýer ýüzüni höküm edeniňde,Il-gün adalatyňy öwrenýär+. 10  Emma erbet dogruçyllygy öwrenmez,Ýagşylyk edilse-de, gadyryny bilmez+. Ol adalat ýurdunda pislik edýär+,Ýehowanyň şan-şöhratyny görmez+. 11  Ýehowa, olar galdyran eliňi görmeýär+. Söýgi* bilen halkyňy goraýarsyň,Muny gören erbetler utanja galar. Duşmanlaryňy alaw ýalmap ýuwudar. 12  Ýehowa, bizi asuda ýaşadarsyň+.Sebäbi her bir işimizeAk pata berýärsiň. 13  Ýehowa Hudaýymyz, başga hojaýynlar agalyk etse-de+,Seniň adyň dilimizden düşmeýär+. 14  Olar jesetdir, indi asla ýaşamaz, Olar ölüm ukusyna gider, indi ýerinden turmaz+. Sen olary ýok edip, adyny aýyrmak üçin,Günäleriniň hasabyny soradyň. 15  Ýehowa, sen halky köpeltdiň,Halkyň sanyny artdyrdyň.Özüňi şöhratlandyrdyň+. Ýurduň serhetlerini giňeltdiň+. 16  Ýehowa, olar agyr gününde seni ýatlady,Temmi bereniňde, pyşyrdap, saňa ýüregini dökdi+. 17  Burgusy tutup, gygyrýan aýala,Çagany dünýä inderýän gelne meňzäp,Ýehowa, beren temmiňden azap çekýärdik. 18  Göwreli bolduk, burgymyz tutdy,Emma şemaldan başga hiç zat dünýä inmedi. Watanymyza ýeňiş getirmedik,Ýurdumyza çaga dogrup bermedik. 19  «Ölüleriň direler. Merhumlarym ýerinden turar+. Ýerastynyň ilaty+,Oýan, şatlykdan ýaňa gygyr! Säher* çygy kimin damjalar üstüňe damar,Zemin ölüm ukusyna gidenleriňi oýarar*. 20  Eý halkym, içki otaglaryňyza giriň,Gapylaryňyzy gulplaň+. Gaharym köşeşýänçä*,Az salym gizleniň+. 21  Ine, Ýehowa mekanyndan gelýär,Ilatdan etmişleriniň hasabatyny sorar.Ýurtda dökülen ganyň üsti açylar,Toprak jesetleriň üstüni açar».

Çykgytlar

«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Ýa-da: Gabanjaňlyk.
Başga manysy: Otlaryň (mamamçöregiň).
Ýa-da: dünýä inderer.
Ýa-da: Hökümim berjaý bolýança.