Matta 10:1—42

  • Isanyň 12 resuly (1—4)

  • Wagyz babatda görkezme (5—15)

  • Şägirtleri yzarlarlar (16—25)

  • Adamdan däl⁠-⁠de, Hudaýdan gorkmaly (26—31)

  • Parahatlyk däl⁠-⁠de, agzalalyk (32—39)

  • Şägirtleri kabul etmek (40—42)

10  Isa 12 şägirdini çagyryp, olara jynlary kowup çykarmaga ygtyýar berdi+, dürli keselli adamlary sagaltmaga güýç berdi.  Ine 12 resulyň ady+: Simun diýilýän Petrus+ we dogany Andreas+; Zebedeýiň ogly Ýakup we dogany Ýahýa+;  Filipus we Bartolomeý+; Tomas+ we salgytçy Matta+; Alfeýiň ogly Ýakup we Taddewus;  Simun Kananit* we Isa dönüklik eden Iuda Iskariýot+.  Isa 12 şägirdini ýollap, şeýle tabşyryk berdi+: «Başga halklaryň ýanyna barmaň, samariýalylaryň hiç bir şäherine girmäň+;  diňe Ysraýyl öýüniň ýiten goýunlaryny gözläň+.  Ýolda: „Gökdäki Patyşalyk golaýlady“ diýip wagyz ediň+.  Syrkawlary sagaldyň+, ölenleri direldiň, heýwere kesellileri tämizläň, jynlary kowup çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt hem beriň.  Ýanyňyz bilen altyn-kümüş ýa-da mis teňňe almaň+. 10  Ýa-da ýola torba, çörek, eşik, çaryk* ýa hasa almaň+, sebäbi zähmet çeken çörek iýmäge-de haklydyr+. 11  Haýsy şähere ýa oba barsaňyz, mynasyp adamlary gözläp tapyň, gaýdýançaňyz olaryň ýanynda boluň+. 12  Öýe girip, salam beriň. 13  Eger öýdäkiler sizi kabul etseler, bereket* alarlar+. Kabul etmeseler, berekediňiz gaýdyp geler. 14  Eger sizi kabul etmeseler ýa-da diňlemeseler, şol öýden, ýa-da şäherden çykyp, aýagyňyzyň tozanyny kakyň+. 15  Bilip goýuň, Kyýamat güni* Sodom bilen Gomorranyň+ halkyna şol şähere garanyňda has aňsat düşer. 16  Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar kimin iberýärin. Şonuň üçin ýylanlar ýaly seresap, kepderiler ýaly sada* boluň+. 17  Ägä boluň, adamlar sizi kazyýete elterler+ we sinagogalarda ýenjerler*+. 18  Meniň şägirdim bolanyňyz üçin, sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň öňüne alyp bararlar+. Şonda olara we başga halklara wagyz etmäge mümkinçilik bolar+. 19  Emma sizi olaryň öňüne eltenlerinde, näme diýerin ýa-da nädip aýdaryn diýip alada etmäň. Siz näme diýmelidigini şol wagt bilersiňiz+. 20  Sebäbi siziň özüňiz däl, siz arkaly Ataňyzyň ruhy geplär+. 21  Şeýle-de adamlar doganyny ölüme tabşyrarlar. Ata öz çagasyna, çagalar hem ene-atasyna garşy çykyp, olary öldürerler+. 22  Meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener+. Emma soňuna çenli çydan halas bolar+. 23  Sizi bir şäherde yzarlasalar, başga şähere gaçyň+. Size hakykaty aýdýaryn, Ynsan ogly Ysraýylyň ähli şäherlerini aýlanyp çykmankaňyz geler. 24  Şägirt halypasyndan, gul hem hojaýynyndan uly däldir+. 25  Şägirt halypasy ýaly, gul hem hojaýyny ýaly bolsa begenmelidir+. Adamlar öýüň eýesine Beýelzebul*+ diýýän bolsalar, onda öýündäkilere has beter zat diýmezmi? 26  Şonuň üçin adamlardan gorkmaň. Üsti açylmajak we gizlin galjak zat ýokdur+. 27  Meniň garaňkylykda aýdýanymy ýagtylykda aýdyň, pyşyrdap aýdýanymy jaýyň üçeginden yglan ediň+. 28  Bedeni öldürse-de, jany* öldürip bilmeýänlerden gorkmaň+. Gaýtam hem jany, hem bedeni Jähennemde* ýok edip bilýänden gorkuň+. 29  Iki serçäni bir teňňä* satýarlar, şeýle dälmi? Ýöne olaryň ýekejesi ýere gaçaýsa, gökdäki Ataňyz görýändir+. 30  Siziň bolsa saçyňyz hem sanalgy. 31  Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatly+. 32  Eger biri iliň öňünde meniň şägirdimdigini aýtmaga çekinmese+, men hem gökdäki Atamyň öňünde oňa şägirdim diýmäge çekinmerin+. 33  Emma kim iliň öňünde menden ýüz öwürse, men hem gökdäki Atamyň öňünde ondan ýüz öwrerin+. 34  Men ýer ýüzüne parahatlyk getirmek üçin gelendirin öýtmäň; men parahatlyk däl, agzalalyk* getirdim+. 35  Sebäbi men ogly kakasyndan, gyzy ejesinden, gelni gaýynenesinden aýyrmaga geldim+. 36  Size hakykaty aýdýaryn, adamyň duşmany öý-içerisindäkiler bolar. 37  Kim kakasyny ýa ejesini menden has gowy görse, şägirdim bolmaga mynasyp däldir. Kim ogluny ýa gyzyny menden has gowy görse, şägirdim bolmaga mynasyp däldir+. 38  Kim jebir pürsüni* alyp yzyma düşmese, şägirdim bolmaga mynasyp däldir+. 39  Kim janyny* halas etmek islese, ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony halas eder+. 40  Sizi kabul edýän meni-de kabul edýändir, meni kabul edýän meni Ibereni-de kabul edýändir+. 41  Pygamberi pygamber bolany üçin kabul edýän adam pygamberiň sylagyny alar+. Dogruçyl adamy dogruçyl bolany üçin kabul edýän adam dogruçylyň sylagyny alar. 42  Size hakykaty aýdýaryn, şägirtlerimden* birine şägirdim bolany üçin bir käse sowuk suw berýän adam sylagsyz galmaz»+.

Çykgytlar

Yhlasly diýmegi aňladýar.
Ýa-da: aýakgap; köwüş.
Ýa-da: parahatlyk.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: päk ýürekli.
Ýa-da: gamçylarlar.
Şeýtanyň bir ady.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: assariýa. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: gylyç.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: şu kiçilerden.