Nakyllar 16:1—33

  • Ýehowa niýetleri barlaýar (2)

  • Her işde Ýehowa bil bagla (3)

  • Dogry terezi Ýehowadandyr (11)

  • Heläkçilikden öň tekepbirlik gelýändir (18)

  • Agaran saçlar şöhrat täjidir (31)

16  Ynsan aýtjak zady hakda oýlanýandyr,Emma berýän jogaby Ýehowadandyr+.   Adamyň ýollary öz gözüne dogrudyr*+,Ýehowa bolsa ýüregiň niýetlerini barlaýar+.   Her işde Ýehowa bil bagla+,Ol maksadyňa ýetirer.   Ýehowa ähli zady niýetini amala aşyrmak üçin ulanýar,Hatda erbet adamy hem höküm güni ýok edýär+.   Ýehowa tekepbiri* ýigrenýär+, Bilip goý, ol temmisiz galmaz.   Söýgi* we wepadarlyk günäni bagyşlaýar+,Ýehowadan gorky erbet ýoldan goraýar+.   Ýehowa ynsanyň ýolundan razy bolsa,Ony duşmany bilen ýaraşdyrar+.   Haram* ýol bilen baýanyňdan+,Halal ýaşap, garyp bolanyň ýagşydyr+.   Ynsan öňünde maksat goýýar,Ädimlerini bolsa Ýehowa ugrukdyrýar+. 10  Patyşanyň dilinden Allanyň hökümleri düşmesin+,Ol hemişe adalatly bolsun+. 11  Dogry terezi Ýehowadandyr,Torbadaky terezi daşlary hem ondandyr+. 12  Patyşa erbet işleri ýigrenýär+,Sebäbi tagt dogruçyllyk bilen berkeýär+. 13  Patyşa hak sözi halaýar, Hakykaty aýdýanlary gowy görýär+. 14  Şanyň gazaby jellat* ýalydyr+,Paýhasly adam bolsa ony köşeşdirýär+. 15  Patyşanyň nurana ýüzi ýaşaýyşdyr,Patyşanyň ýagşylygy ýaz ýagşydyr+. 16  Akyldarlygy öwrenmek altyndan+, Düşünjäňi artdyrmak arassa kümüşden gowudyr+. 17  Dogruçyl adam erbetlikden gaçýar, Ädimlerine dykgatly adam janyny goraýar+. 18  Heläkçilikden öň tekepbirlik,Ýykylmakdan öň ulumsylyk gelýär+. 19  Tekepbir bilen olja paýlaşanyňdan,Pesgöwünli adamyň dosty bolanyň ýagşydyr+. 20  Düşünje bilen iş tutan üstünlik gazanar,Ýehowa bil baglan bagtly bolar. 21  Paýhasly adam düşünjesi bilen tanalýar+,Süýji dilli adam* ynama girýär+. 22  Düşünje ynsan üçin ýaşaýyş çeşmesidir,Akylsyza akmaklygy üçin temmi berler. 23  Paýhasly adam* düşünje bilen gepleýär+,Aýdýan sözleri bilen ynama girýär. 24  Mylaýym söz bal kimin süýjüdir,Jana* ýakymlydyr, süňklere melhemdir+. 25  Ýol bardyr, adamyň gözüne dogry görünýär,Emma soňy ölüme eltýär+. 26  Açlyk ynsany işleder,Gara bokurdak zähmet çekdirer+. 27  Biderek adam kemçilik gözleýär+,Onuň dili ýakyp kül edýän otdur+. 28  Başbozar agzalalyk döredýär+,Töhmetçi dostlaryň arasyna çöp atýar+. 29  Zalym adam goňşusyny aldaýar,Ony ters ýoldan ýöredýär. 30  Ol gözüni gypyp duzak gurýar, Ýüzüňe gülüp baksa⁠-⁠da, ýamanlyk edýär. 31  Dogrulyk ýolunda+ agaran saçlar şöhrat täjidir*+. 32  Giň göwünli* adam+ pälwandan rüstemdir,Özüne erk edýän adam serkerdeden güýçlüdir+. 33  Bije* atylýar+,Emma karary Ýehowa çykarýar+.

Çykgytlar

Sözme-söz: arassadyr.
Sözme-söz: ýüregi tekepbiri.
Ýa-da: Wepaly söýgi.
Sözme-söz: Adalatsyz.
Sözme-söz: ölüm çapary.
Ýa-da: Mähirli; ýakymly sözler.
Sözme-söz: Akyldar adamyň ýüregi.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: owadan täçdir.
Ýa-da: Sabyr-takatly; çalt gaharlanmaýan.
Ýa-da: Bije etege.