Nakyllar 17:1—28

  • Ýagşylyga ýamanlyk etme (13)

  • Dawa⁠-⁠jenjel turmanka gaýt (14)

  • Hak dost elmydama söýýär (17)

  • «Şadyýan ýürek jana dermandyr» (22)

  • Parasatly adam dilini saklaýar (27)

17  Dawaly öýde näz⁠-⁠nygmatdan* doýanyňdan+,Asuda öýde gury çörek iýeniň gowudyr+.   Düşünjeli hyzmatkärHojaýynynyň akmak oglunyň üstünden höküm sürer,Hojaýynynyň mirasyny ogullary bilen deň paýlaşar.   Kümüş göweçde*, altyn kürede arassalanýar+,Ýürekleri barlaýan Ýehowadyr+.   Erbet adam ýaman gepi diňleýär,Hilegär hem gybata gulak gabardýar+.   Garyby kemsidýän Ýaradany sylaýan däldir+,Adamyň agyr halyna gülýän jezasyz galmaz+.   Agtyklar garrylaryň täjidir,Atalar* ogullarynyň şöhratydyr.   Akmagyň diline hak söz gelişmez+, Hökümdaryň diline ýalan söz ýaraşmaz+.   Sowgat eýesi üçin gyzyldan gymmatdyr+,Ol her işinde üstünlik gazanar+.   Günäni bagyşlaýan* adam söýýär+,Ony aýdyp ýörýän jana⁠-⁠jan dostlary aýra salýar+. 10  Düşünjeli adama ýekeje käýinç ýeterlikdir+,Akylsyz ýüz gezek urulsa-da düzelýän däldir+. 11  Erbet adam hemişe gozgalaň turuzýar,Oňa jeza bermäge jellat* iberilýär+. 12  Akmaklyk edýän akylsyza duşanyňdan,Çagalaryny ýitiren aýa sataşanyň gowudyr+. 13  Ýagşylyga ýamanlyk edýäniň öýiBela⁠-⁠beteriň mesgeni bolar+. 14  Uruş tursa, derýanyň bendi açylan ýalydyr,Dawa⁠-⁠jenjel turmanka, ol ýerden gaýt+. 15  Erbedi aklaýan⁠-⁠da, dogruçyly ýazgarýan⁠-⁠da+Ýehowa üçin ýigrenjidir. 16  Akylsyzyň akyldarlygy öwrenmäge ýagdaýy bolsa⁠-⁠da,Islegi* bolmasa ne peýda?+ 17  Hak dost elmydama söýýär+,Ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr+. 18  Akylsyz el gysyp ylalaşyk baglaşýar,Goňşusynyň öňünde ýadyň karzyny boýun alýar+. 19  Dawalaşmagy gowy görýän günä edýär+, Derwezesini beýik gurýan heläkçiligi çagyrýar+. 20  Hilegär üstünlik gazanmaz+,Ýalan sözleýän bela uçrar. 21  Akmagyň atasy ajy hasrat çeker,Düşünjesiz ogluň atasynyň ýüzi gülmez+. 22  Şadyýan ýürek jana dermandyr+,Gamly ýürek süňkleri çüýredýär+. 23  Erbet adam gizlinlikde* para alýar,Para üçin adalaty ýoýýar+. 24  Parasatly* adam akyldarlygy gözden salýan däldir,Akylsyzyň pikiri dagynykdyr+. 25  Akylsyz ogul atasynyň hasraty,Enesiniň ýürek derdi+. 26  Dogruçyla temmi bermek ýagşy däl,Abraýly adamy gamçylamak gelşiksizdir. 27  Bilimli ynsan dilini saklaýar+,Parasatly* adam parahatdyr+. 28  Akmak dymsa, akylly ýaly bolar,Agzyny ýumsa, parasatly* ýaly görner.

Çykgytlar

Sözme-söz: gurbanlykdan.
Altyn-kümüş eredilýän oda çydamly gap.
Ýa-da: Ene-atalar.
Sözme-söz: Günäniň üstüni örtýän.
Sözme-söz: zalym çapar.
Ýa-da: Başynda akyly. Sözme-söz: Ýüregi.
Sözme-söz: goltukdan.
Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
Sözme-söz: saýgarma ukyply.