Nakyllar 20:1—30

  • Şerap biabraý edýär (1)

  • Ýalta gyşyna ýer sürmez (4)

  • Ynsanyň oý⁠-⁠pikiri guýy ýalydyr (5)

  • Howlukmaç wada berme (25)

  • Güýç⁠-⁠kuwwat ýaşlaryň şöhraty (29)

20  Şerap biabraý edýär*+, çakyr edepsizlige eltýär*+,Ol ynsany dogry ýoldan sowýar+.   Patyşanyň haýbaty arslanyň arryldysy kimindir+,Gaharyny getiren janyndan doýandyr+.   Dawadan daşda durýanyň abraýy artýar+,Akmak bolsa jenjele goşulýar+.   Ýalta gyşyna ýer sürmez,Hasyl döwri el serer*+.   Ynsanyň oý⁠-⁠pikiri* çuň guýy ýalydyr,Parasatly* adam çekip çykarýar.   Köpler özüne wepadar* diýer.Emma wepaly adamy kim tapar?   Hudaýhon adam wepalydyr*+, Çagalary hem bagtlydyr+.   Patyşa tagtynda oturyp höküm çykarýar+,Gözi bilen ähli zalymlygy görýär+.   «Ýüregim arassa+,Günäden päkdirin» diýmäge kimiň dili barar?+ 10  Kem çekýän terezi daşlary bilen nädogry ölçeg gaplary,Ýehowa üçin ýigrenjidir+. 11  Hatda çaganyň edim⁠-⁠gylymyna seredip,Ýüregi arassamy, dogrumy bilip bolýar+. 12  Eşidýän gulak, görýän göz,Ýehowanyň elleriniň işidir+. 13  Ukyny söýme, ýogsam garyp düşersiň+, Gözüňi aç, çörekden doýarsyň+. 14  Alyjy: «Harydyň erbet, juda erbet!» diýýär,Soňra bolsa satyn alan zadyna öwünýär+. 15  Altynyň, merjeniň* näçe köp bolsa⁠-⁠da,Bilimli dil ikisinden hem gymmatlydyr+. 16  Kesekä kepil geçeniň donuny al+,Ýat aýala kepil geçenden girew al+. 17  Aldaw bilen gazanylan nan süýjüdir,Yzyndan ajy⁠-⁠ajy gägirmesi bardyr*+. 18  Maslahat bilen maksada ýetilýär+,Söweşde paýhasly maslahaty* diňle+. 19  Gybatçy* syry paş edýär+,Gepçiler bilen gatnaşma. 20  Ene⁠-⁠atasyna garganyň gije çyrasy söner+. 21  Açgözlük bilen toplanan baýlyk* bereketli bolmaz+. 22  «Ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bererin» diýme+, Ýehowa umyt bagla+, ol seni halas eder+. 23  Kem çekýän terezi daşlaryny Ýehowa ýigrenýär,Kem çekýän terezi ýagşy däldir. 24  Ynsan ýörejek ýoluny bilmeýär.Ynsana ädimlerini Ýehowa öwredýär*+. 25  Eger adam Hudaýa howlukmaç wada berse,Beren wadasy hakda soňundan oýlansa, Şeýle adam duzaga düşýär+. 26  Akyldar patyşa erbetleri elekden geçirýär+,Olary harman döwülýän tagta bilen owradýar+. 27  Ynsanyň sözleri* Ýehowanyň çyrasydyr,Içki dünýäsini äşgär edýär. 28  Ýagşylyk* we wepadarlyk patyşany goraýar+,Tagt wepaly söýgi bilen dikilýär+. 29  Güýç⁠-⁠kuwwat ýaşlaryň şöhratydyr+,Ak saç garrylaryň görküdir+. 30  Urulsa, ýenjilse, adam erbetligini goýar+,Taýak adamyň kalbyny* tämizlär.

Çykgytlar

Ýa-da: dawa turuzýar.
Ýa-da: Şerap içýän başgalaryň üstünden düşýär.
Başga manysy: Orak döwri gözlär, hiç zat tapmaz.
Ýa-da: niýeti. Sözme-söz: maslahaty.
Sözme-söz: Saýgarma ukyply.
Ýa-da: wepaly söýgä baý.
Ýa-da: aýypsyzdyr.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: agzyň çagyldan dolýandyr.
Ýa-da: tejribeli adamyň öwüt-nesihatyny.
Ýa-da: Töhmetçi.
Sözme-söz: miras.
Ýa-da: Ynsanyň ädimlerini Ýehowa ugrukdyrýar.
Sözme-söz: demi.
Ýa-da: Wepaly söýgi.
Ýa-da: içki dünýäsini.