Zebur 48:1—14
Karun ogullarynyň+ aýdymy.
48 Ýehowa beýikdir, alkyşa mynasypdyr,Hudaýymyz öz şäherinde, mukaddes dagyndadyr.
2 Demirgazykdaky Sion dagy,Beýik Patyşanyň şäheri+ gözeldir,Ýer ýüzüniň begenjidir+.
3 Onuň berk diňlerindeHudaý penakär hökmünde tanalýar+.
4 Patyşalar ýygnandylar,Hüjüm etmäge jemlendiler.
5 Şäheri görende aňk-taňk boldular,
Howsala düşdüler, gorkudan ýaňa gaçyp gitdiler.
6 Olar sandyradylar,Çaga dogurýan aýal kimin dert çekdiler.
7 Sen gündogar ýelini turuzdyň,Tarşyş gämilerini bölek-bölek etdiň.
8 Serkerdebaşy Ýehowanyň şäherine,Hudaýymyzyň galasyna geldik.
Gulagymyz bilen eşidenimizi, indi gözümiz bilen gördük.Alla şäheri sarsdyrmaz+. (Sela)
9 Hudaýym, ybadathanaňa gelip,Wepaly söýgiň* hakda oýlanýarys+.
10 Adyň hem şöhratyň,Bütin dünýä ýaň salýar+.
Sag eliň bilen adalaty dikeldýärsiň+.
11 Sion dagy+, Ýahuda galalary,Seniň adyl hökümleriňe şatlanýar+.
12 Sionyň daş-töweregine aýlanyň,Diňlerini sanaň+.
13 Berk diwarlaryna serediň+,
Diňlerini ünsli synlaň,Olar hakda geljekki nesillere gürrüň beriň.
14 Ol biziň ebedilik Hudaýymyz bolar+,
Bize ebedilik* ýol görkezer+.