Zebur 86:1—17
Dawudyň dogasy.
86 Ýehowa, aşak egil-de, meni diňle, dogama jogap ber.Men bir garyp biçäre+.
2 Meniň janymy gutar, men saňa wepalydyryn+.Guluňy halas et, saňa bil baglaýaryn,
Meniň Hudaýym sensiň+.
3 Ýehowa, maňa rehim et+,Uzakly gün seni çagyrýaryn+.
4 Meniň göwnümi galkyndyr,Ýehowa, saňa janymy ynanýaryn!
5 Ýehowa, sen ýagşy+, geçirimli+,Özüňi çagyrýanlardan wepaly söýgiňi* gaýgyrmaýarsyň+.
6 Ýehowa, dogamy diňle,Kömek sorap ýalbarýaryn, dilegimi eşit+.
7 Agyr günümde seni çagyrýaryn+,Sen maňa jogap berýärsiň+.
8 Ýehowa, saňa taý geljek barmy?*+Seniň edýän işleriňi kim edip biler?+
9 Ýehowa, seniň ýaradan halklaryň,Huzuryňa gelip, tagzym ederler+,Adyňy arşa galdyrarlar+.
10 Sebäbi sen beýik, gudratly işleri edýärsiň+,Sen ýeke-täk Alla+.
11 Ýehowa, maňa ýollaryňy öwret+,
Hakykat ýoluňdan ýöräýin+.
Bütin kalbym bilen senden* gorkaýyn+.
12 Ýehowa Hudaýym, bütin ýüregim bilen öwgi aýdaýyn+,Adyňy ebedilik şöhratlandyraýyn.
13 Sebäbi wepaly söýgiň* çäksizdir,Meni mazaryň* düýbünden çekip çykardyň+.
14 Ýa Alla, gopbamsylar maňa garşy çykdy+,Zalym adamlar janymyň kastyna çykdy.Olar saňa asla hormat goýmaýar+.
15 Ýehowa, sen bolsa rehimdar, mähirli*,Giň göwünli*, söýgä* baý we wepadar Hudaý+.
16 Maňa nazar sal, rehim et+,
Guluňa güýç-kuwwat ber+,Gyrnagyň ogluny halas eýle.
17 Maňa alamat ber, ýagşylyk etjegiňi bileýin,Meni ýigrenýänler muny görüp utanja galsyn.
Ýehowa, sen hemaýatkärim hem dertdeşim!
Çykgytlar
^ Ýa-da: taňrylaryň arasynda taý geljek barmy?
^ Sözme-söz: adyňdan.
^ Ýa-da: duýgudaş; dertdeş.
^ Ýa-da: Sabyr-takatly; çalt gaharlanmaýan.
^ Ýa-da: wepaly söýgä.