Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Keselime nädip döz gelip bilerin? (II bölüm)

Keselime nädip döz gelip bilerin? (II bölüm)

 Keseliň dürli görnüşleri bolýar.

  •   Käbir adamlaryň keseldigi daşyndan bildirse, käbiriniňki bildirmeýär.

  •   Käbir adamlar wagtyň geçmegi bilen sagalsa, käbirleri bütin ömrüne keseli bilen göreşmeli bolýar.

  •   Käbir adamlar sagalmaga umyt edýär, käbiri bolsa keseline uýgunlaşýar. Emma käbiriniň keseli kem-kemden beterleşip, hatda janyna howp salmagy-da mümkin.

 Ýaşlaryň käbiri saglygy bilen bagly dürli kynçylyklara garşy göreşmeli bolýar. Şu makalada şeýle kynçylyklara uçraýan dört sany ýaş oglan-gyzlaryň mysalyna serederis. Eger siz hem şeýle kynçylyk bilen göreşýän bolsaňyz, olaryň sözlerinden teselli tapyp bilersiňiz.

 GENAEL

 Men köp zatlary edip bilmeýändigime gaty gynanýaryn. Bir zat etmeli bolanymda, hemişe ýagdaýymy göz öňünde tutmaly bolýaryn.

 Men nerw myşsalarynyň zeperlenmegi keselinden ejir çekýärin. Bu kesel beden agzalarymyň kadaly işlemegine päsgel berýär. Bedenimiň ähli agzalary kellämden başlap, tä aýagymyň barmaklaryna çenli wagtal-wagtal titreýär, käte bolsa asla hereket etmeýär. Şonuň üçin maňa hereket etmek, geplemek, okamak, ýazmak we düşünmek ýaly iň ýönekeý zatlary etmek hem kyn düşýär. Ýagdaýym agyrlaşanda, ýygnak ýaşululary meniň bilen bile doga edýär. Şonda men kalbymda rahatlyk duýýaryn.

 Ýarawsyzlygym zerarly nähili kynçylyga uçrasam-da, men elmydama Ýehowa Hudaýyň kömek edýändigini duýýaryn. Şu ýagdaýymyň Hudaýa doly gulluk etmäge päsgel bermegini islemeýärin. Meniň üçin iň esasy zat — Hudaýyň ýer ýüzüni Jennete öwrüp, horluklary hemişelik ýok etjekdigi baradaky wadalaryny adamlara gürrüň bermek (Ylham 21:1—4).

 Şu barada oýlanyň: Ýagdaýyňyz nähili bolsa-da, Genaeliň göreldesine eýerip, başgalara duýgudaşlyk görkezip bilersiňizmi? (1 Korinfliler 10:24).

 ZAKARI

 16 ýaşymdakam, beýnimde rak keseliniň agyr görnüşiniň bardygy anyklanyldy. Lukmanlar gaty gitsem, sekiz aý ýaşajakdygymy aýtdylar. Şondan bäri men ýaşamak üçin uly göreş alyp barýaryn.

 Beýnimdäki çiş sebäpli, häzir bedenimiň sag tarapy işlemeýär. Ýöräp bilmeýändigim üçin, ýanymda hemişe bir adam bolmaly bolýar.

 Keselim gitdigiçe güýjeýär we maňa geplemek kyn düşýär. Öň men suwuň ýüzünde lyžaly taýmak, basketbol we woleýbol ýaly sport oýunlary bilen meşgullanmagy gowy görýärdim. Ýehowanyň Şaýady hökmünde wagyz gullugyna yhlasly gatnaşýardym. Mümkin, köp adamlar gowy görýän işlerinden el çekmegiň nämedigine düşünmeýän bolsalar gerek.

 Maňa Işaýa 57:15-däki sözler örän teselli berýär. Ol ýerde Ýehowa Hudaýyň synyk ruhly adamlary goldaýandygy we olaryň aladasyny edýändigi aýdylýar. Işaýa 35:6-daky sözler arkaly bolsa, Ýehowa meniň keýik ýaly bökjekdigime we oňa kämil saglyk bilen gulluk edip biljekdigime ynandyrýar.

 Käte ýarawsyzlygyma döz gelmek kyn bolsa-da, men Ýehowanyň goldaýandygyny duýýaryn. Ruhdan düşüp, Ýehowa doga edenimde, duýgularymy aýdyp, ýüregimi döküp biler ýaly, ol hemişe adam iberýär. Hiç zat meni Ýehowanyň söýgüsinden aýryp bilmez (Rimliler 8:39).

 Zakari interwýu bereninden iki aý geçenden soň, 18 ýaşynda aradan çykdy. Ol ömrüniň ahyryna çenli Hudaýyň Jennetde ölüleri direltjekdigi baradaky wadasyna imanyny ýitirmedi.

 Şu barada oýlanyň: Zakari ýaly sizem doga etseňiz, Hudaýyň söýgüsinde galmaga nädip kömek eder?

 ANAIS

 Doglanymdan bary-ýogy birnäçe gün geçensoň, beýnime gan inip, bütin bedenim, esasan-da, aýaklarym ysmaz boldy.

 Men maýyplara ýöremäge kömek edýän esbap arkaly bir-iki ädim ädip bilsem-de, köplenç maýyplaryň arabasy bilen ýöreýärin. Damarlarym çekilende, käbir işleri etmek, meselem, hat ýazmagam kyn bolýar.

 Maňa bejergi almagam kyn. Sebäbi özümi bilenimden bäri, hepdede birnäçe gezek fiziki usullar (fizioterapiýa) arkaly bejergi almaly bolýaryn. Bäş ýaşymdakam, men ilkinji gezek agyr operasiýany geçirdim. Şondan soň ýene üç gezek operasiýa boldum. Soňky ikisi has agyr geçdi, sebäbi aýaga galýançam, üç aý keselhanada ýatmaly boldum.

 Maşgala agzalarym maňa köp kömek edýär. Biz bile oýnap-gülüşýäris, bu bolsa ruhdan düşenimde, has-da göwnümi göterýär. Ejem bilen gyz doganlarym saçyma we ýüz-gözüme timar bermäge kömek edýärler. Men ökjesi belent köwüş geýip bilmeýändigime gynanýaryn. Bir gezek men çagakam, şeýle köwüş geýipdim. Ýöne aýagyma däl-de, elime geýdim, şonda hemmämiz hezil edip gülüşipdik!

 Men ýarawsyzlygyma özümi aldyrmajak bolýaryn. Meselem, dil öwrenýärin. Men sýorfing ýa-da snowbord ýaly sport oýunlary bilen meşgullanyp bilmesem-de, ýüzüp bilýändigime begenýärin. Ýehowanyň Şaýady bolandygym üçin wagyz edip, imanym hakda gürrüň bermegi gowy görýärin. Adamlar meni höwes bilen diňleýär.

 Ene-atam maňa kiçilikden keselimiň wagtlaýyndygyny aýdýardylar. Şondan bäri men Ýehowa we onuň horluklary, şol sanda meniň hem ejirlerimi doly aýyrjakdygyna imanymy berkidýärin. Bu maňa ýaşamaga güýç berýär (Ylham 21:3, 4).

 Şu barada oýlanyň: Anais ýaly size-de ýarawsyzlygyňyza özüňizi aldyrmazlyga näme kömek eder?

 JULIANA

 Men ýürege, öýkene we gan öýjüklerine zyýan ýetirýän (autoimmun) keselden ejir çekýärin. Ol eýýäm meniň böwreklerimi zaýalady.

 10 ýaşymdakam, mende wolçanka keseliniň bardygy anyklandy. Ol mende agyry we güýçli ýadawlyk döredip, keýpimiň üýtgäp durmagyna getirýär. Käte bolsa özümi dereksiz duýýaryn.

 13 ýaşymdakam, Ýehowanyň bir Şaýady öýümize geldi. Ol maňa Işaýa 41:10-daky şu sözleri okap berdi: «Gorkmaň, siziň bilendirin Men,.. sadyk sag golum bilen söýget bererin». Şonda men Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladym. Sekiz ýyldan bäri men Hudaýa bütin ýüregim bilen gulluk edip gelýärin we ýarawsyzlygyma özümi aldyrmazlygy berk ýüregime düwdüm. Men Ýehowanyň güýjüni duýýaryn, bu bolsa maňa dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär (2 Korinfliler 4:7).

 Şu barada oýlanyň: Juliana ýaly size-de Işaýa 41:10-daky sözler dogry garaýyşda bolmaga nädip kömek eder?