Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Ene-atam aýrylyşýan bolsa näme etmeli?

Ene-atam aýrylyşýan bolsa näme etmeli?

 Ene-atasynyň aýrylyşmagy ýaşlara agyr degýär. Eger ene-ataň aýrylyşýan bolsa, saňa näme kömek eder?

Şu makalada:

 Üç zatdan gaça dur

 1. Özüňi günäkärleme

 «Bir gezek ejem kakam bilen arasyndaky dawalaryň men doglanymdan soň başlandygyny aýtdy. Şonuň üçin ene-atam men sebäpli aýrylyşdy diýip pikir edýärin» (Diana).

 Ýatda sakla: Ene-ataň öz arasyndaky mesele sebäpli aýrylyşdy. Muňa sen günäkär däl. Dörän ýagdaýy sen çözüp bilmersiň. Maşgala ojagyny agzybir saklamak ene-ataň jogapkärçiligi.

 «Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» (Galatýalylar 6:5).

 2. Öýke-kine saklama

 «Ejeme biwepalyk edeni üçin kakama gaharym gelýärdi. Indi oňa ynanyp bilerin öýdemok» (Rianna).

 Ýatda sakla: Ene-atasy aýrylyşsa, hiç kime-de aňsat bolmaýar. Emma ene-ataňa gaharlanyp, öýke-kine saklap ýörseň, özüňe zyýan ýetirersiň, saglygyňa-da erbet täsir eder. Birinden öýkeläp ýörmek edil özüň zäher içip, başgalar zyýan çeker diýip pikir etmek ýaly a.

 «Gahar-gazaba münme» (Zebur 37:8).

 3. Ene-ataň ýalňyşyny özüňem gaýtalarsyň öýtme

 «Men kakamyň ýalňyşyny gaýtalaryn diýip gorkýaryn. Durmuşa çykyp, çagalarym bolansoň, menem ene-atam ýaly maşgalamy saklap bilmerin diýip alada edýärin» (Jessika).

 Ýatda sakla: Ene-ataň aýrylyşmagy seniň hem maşgalaň dargajakdygyny aňlatmaýar. Gaýtam ene-ataň ýalňyşyndan sapak edinip bilýärsiň. Mysal üçin, ýanýoldaş saýlanyňda häsiýetlerine hasam ünsli bolarsyň. Özüňem gowy ýanýoldaş bolmak üçin haýsy häsiýetleri ösdürmelidigiňi bilersiň.

 «Goý, her kes öz işini barlasyn» (Galatýalylar 6:4).

Ene-atasy dawalaşyp duran ýetginjek keýpsiz otyr. Aýagy gipsli oglan diwanda öňüne kompýuterini alyp otyr.

 Üç maslahata eýer

 1. Gepleş. Duýgularyny, pikirini aýdyp bilmän, içine salyp ýörýän adamlar arak içmek, neşe çekmek ýaly erbet endikleri edinýär. Ýöne sen şulary etseň gowy bolar:

 Ene-ataň bilen gürleş. Ejeň ýa-da kakaň saňa öz tarapyny tutdurjak bolýan bolsa, muny islemeýändigiňi ýumşaklyk bilen, ýöne açyk aýt. Gepleşmek kyn bolsa, duýgularyň hakda hat ýazyp bilersiň.

 Ýakyn dostuňa içiňi dök. Birine derdiňi aýtsaň, ýüküň ýeňlän ýaly bolýar. Mukaddes Kitapda: «Hak dost elmydama söýýär, ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr» diýilýär (Nakyllar 17:17).

 Hudaýa doga et. «Dogalary eşidýän» Ýehowa Hudaý seni hemişe diňlemäge taýyn (Zebur 65:2). Mukaddes Kitapda: «Gaýgy-aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýär» diýilýär (1 Petrus 5:7).

  •   Saňa ene-ataň haýsysy bilen gaharlanman sylaşykly gepleşmek aňsat?

  •   Seni kyn günüňde ýakyn dostlaryňdan haýsysy (deň-duş ýa-da uly ýaşly) goldap biler?

  •   Sen Hudaýa näme hakda doga edip bilersiň?

 2. Täze ýagdaýa öwrenişjek bol

 Ene-ataň aýrylyşansoň, belki, sen täze öýe, mekdebe, dostlara öwrenişmeli bolarsyň. Hatda öňkiň ýaly pul sowman, çykdajylaryňy azaltmaly bolarsyň. Beýle ýagdaýa öwrenişmek aňsat däl, durmuşyň çepbe çöwrülen ýaly bolar. Saňa näme kömek eder? Täze ýagdaýa öwrenişmek üçin näme edip biljekdigiň hakda oýlan.

  •   Ene-ataň aýrylyşansoň, haýsy zady kabul etmek has kyn boldy?

  •   Şol ýagdaýa öwrenişmek üçin näme edip bilersiň?

 «Ähli ýagdaýlarda baryma kaýyl bolmagy öwrendim» (Filipililer 4:11).

 3. Güýçli taraplaryňy bil

 Ene-ataň aýrylyşmagy köp kynçylyk döretse-de, sen öz güýçli taraplaryňy görüp bilýärsiň. Gowy häsiýetleri hem ösdürip bilersiň. Jeremi 13 ýaşyndaka ene-atasy aýrylyşýar. Ol: «Ejem bilen kakam aýrylyşansoň, jogapkärli bolmagy öwrendim. Maşgalada ulusy bolamsoň, ejeme kömek etmek, jigime seretmek meniň boýnumady» diýýär.

Ene-ataň aýrylyşsa, seniň hem öýde jogapkärçiligiň köpeler

  •   Ene-ataň aýrylyşansoň, sen haýsy güýçli taraplaryňy gördüň?

  •   Ýene haýsy häsiýetleri ösdüresiň gelýär?

 «Mukaddes kitaplaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazylyp... dogry ýola getirmek... üçin peýdalydyr» (2 Timoteos 3:16).

a Köpräk bilmek üçin «Gahar-gazaby nädip saklamaly?» atly makalany okap bilersiň.