Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Gomoseksualizm. Bu günämi?

Gomoseksualizm. Bu günämi?

 «Ýetginjek wagtym, men özüm ýaly oglanlara üns berip başladym. Duýgularyma erk etmek gaty kyn bolýardy. Wagtyň geçmegi bilen, bu öz-özünden aýrylar öýtdüm, ýöne henizem meni şeýle duýgular biynjalyk edýär». Deýwid, 23 ýaşynda

 Deýwid mesihçi bolandygy üçin Hudaýy begendirip ýaşamak isleýär. Eger ol oglanlara azgyn höwes bilen bakýan bolsa, Hudaýyň gullukçysy bolup bilermi? Hudaý gomoseksualizme nähili garaýar?

 Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär?

 Gomoseksualizme bolan garaýyş adamyň medeniýetine ýa-da haýsy döwürde ýaşaýandygyna bagly bolýar. Emma mesihçiler giňden ýaýran pikire eýermeýärler we «ýalan taglymatlara eýerip, deňizde eýläk-beýläk çaýkanýan... gaýyk ýaly bolmaýarlar» (Efesliler 4:14). Olaryň gomoseksualizme bolan garaýşy (başga-da ynançlary) Mukaddes Ýazgylardaky kada-kanunlara esaslanýar.

 Mukaddes Ýazgylarda gomoseksualizm babatdaky kadalar açyk-aýdyň düşündirilýär. Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär:

  •  «Aýal bilen jyns gatnaşygyny edişiň ýaly, erkek bilen jyns gatnaşygyny etme» (Lewiler 18:22).

  •  «Hudaý olara ýürekleriniň haýasyz isleglerine görä ýaşamaga ýol berdi... Hudaý olara ahlaksyz isleglerini kanagatlandyrmaga ýol berdi. Şeýlelikde, aýallar erkek adamlar bilen däl-de, aýallar bilen ýatýarlar» (Rimliler 1:24, 26).

  •  «Özüňizi aldamaň. Ahlaksyzlyk edýänler, butparazlar, zynahorlar, azgyn erkekler, beçebazlar, ogrular, açgözler, arakhorlar, başgalara sögýänler, talaňçylar Hudaýyň Patyşalygyny miras almazlar» (1 Korinfliler 6:9, 10).

 Hudaýyň kada-kanunlary hemmelere, şol sanda öz jynsyndaky ýa-da başga jynsdaky adamlara azgyn nebis bilen bakýanlara hem degişli. Şol sebäpli her bir adam öz nebsine buýrup, Hudaýa ýaramaýan isleglerini öldürmeli (Koloslylar 3:5).

 Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä... ?

 Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, şeýle adamlary ýigrenmelimi?

 Ýok. Mukaddes Ýazgylarda hiç kimi, ýagny azgyn erkekdir aýallary we başga adamlary ýigrenmelidigi barada aýdylmaýar. Gaýtam, ol «ähli adamlar bilen parahat ýaşamagy» ündeýär (Ýewreýler 12:14). Şol sebäpli azgyn erkekdir aýallara hüjüm etmek, olara garşy jenaýat iş etmek we ýowuz daraşmak gadagan.

 Onda mesihçiler bir jynsdaky adamlaryň nikasyna garşy çyksa bolýarmy?

 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň niýetine görä, nika — bu bir erkek adam bilen bir aýalyň birikmegidir (Matta 19:4—6). Emma bir jynsdaky adamlaryň nikasyna kanuny taýdan rugsat bermek barada maslahat geçirilende, onuň ahlak taýdan nädogrulygy däl-de, syýasy bähbitler öňe sürülýär. Mukaddes Ýazgylarda mesihçileriň syýasy meselelerde bitaraplygy saklamalydygy aýdylýar (Ýahýa 18:36). Şol sebäpli olar hökümetiň bir jynsdaky adamlary nikadan geçirmek we gomoseksualizm baradaky çykarýan kanunlaryny ne goldaýarlar, ne-de garşy çykýarlar.

 Eger... ?

 Eger biri gomoseksual bolsa, ol özgerip bilermi?

 Hawa. I asyrda ýaşan şeýle adamlaryň käbiri özgerip bildiler. Mukaddes Ýazgylarda gomoseksuallaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygy barada aýdylandan soňra: «Siziň hem käbiriňiz şeýlediňiz» diýilýär (1 Korinfliler 6:11).

 Eýsem, şeýle adam durmuşyny özgerdensoň, onda öňki ýoluna dolanmaga hiç hili islegi döremeýärmi? Ýok, döräp bilýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Täze häsiýetlere geýniň. Bu häsiýetler Hudaý hakdaky dogry bilim arkaly täzelenýändir» diýilýär (Koloslylar 3:10). Hawa, hemişe üstüňde işläp durmaly.

 Eger Hudaýyň kadalary boýunça ýaşamak isleýän adamda henizem şeýle höwesler döreýän bolsa näme?

 Özüňe we şol sanda ahlaksyz höwesleriňe erk etmek ýa-da olara eýermek adamyň özüne bagly bolup durýar. Bu babatda Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Mukaddes ruhuň görkezmesi boýunça ýaşaň, şonda ten höweslerine asla eýermersiňiz» (Galatýalylar 5:16).

 Üns beren bolsaň, bu aýatda ten höwesleriniň asla ýüze çykmajakdygy barada aýdylmaýar. Emma Mukaddes Ýazgylary her gün okamak we doga etmek ýaly ruhy işler bilen meşgullansaň, erbet höwesleriňe garşy durmaga güýç toplarsyň.

 Makalanyň başynda agzalan Deýwid munuň dogrudygyna öz durmuşynda göz ýetirdi. Esasan-da, mesihçi ene-atasyna gürrüň berendigi oňa kömek etdi. Ol şeýle diýýär: «Şonda egnimden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Öňräk aýdan bolsam, onda ýetginjeklik döwrüm has-da şatlykly geçerdi».

 Dogrudanam, Ýehowanyň kadalaryna eýerip ýaşasak, has bagtly bolarys. Biz olaryň «gönüdigine,.. ýüregi şatlandyrýandygyna» we «olary saklamakda uly sylagyň bardygyna» doly ynanýarys (Zebur 19:8, 11).