Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Internet arkaly suratlaryňy ugratmak barada nämeleri bilmeli?

Internet arkaly suratlaryňy ugratmak barada nämeleri bilmeli?

 Sen gowy dynç alyp ýörkäň, hemme zatlary dostlaryňa-da gürrüň beresiň gelýär. Nädip? Meselem:

  1.   her birine poçta arkaly hat iberip;

  2.   olara elektron poçta arkaly ýazyp;

  3.   internet arkaly suratlaryňy iberip;

 Baba-mamaň ýaş wagty diňe 1-nji teklibi saýlap bilýärdi.

 Ejeň-kakaň ýaş wagty bolsa, 2-nji teklibi hem saýlap bilýärdiler.

 Şu günler bolsa, köp ýaşlar Internetde surat goýup bilýändigi üçin 3-nji teklibi saýlaýarlar. Senem şolaryň biri bolsaň, onda bu makala saňa käbir duzaklardan gaça durmaga kömek eder.

 Peýdasy

 Çalt. «Owadan ýerlere gezmäge gidenimde ýa-da ýakyn dostlarym bilen dynç alanymda düşen owadan suratlarymy şol bada Internet arkaly ugradýan» (Melaniýe).

 Amatly. «Dostlarymyň täze goýan suratlaryny, täzeliklerini elektron poçta arkaly bileniňden, göreniň aňsat bolýar» (Jordan).

 Hemişe aragatnaşykda. «Käbir dostlarym we ýakynlarym uzakda ýaşaýar. Olar köplenç suratlaryny ugradanda, menem seretmegi ýadymdan çykarmasam, şonda olar bilen her gün görüşýän ýaly bolýan!» (Karen).

 Zyýany

 Özüňi howply ýagdaýa salýaň. Eger telefonyň kamerasynda nirededigiňi anyklaýan funksiýasy bar bolsa, şol goýan suratyňdan başga-da zatlary bilse bolýar. Bir web-saýtda şeýle diýilýär: «Internetde suratyňy we nirededigiňi anyklaýan başga-da maglumatlary goýsaň, ýörite programma arkaly seniň nirededigiňi bilmek aňsat bolýar we erbet niýetli adamlar saňa zyýan ýetirip bilýär».

 Käbir jenaýatçylar bolsa seniň nirededigiňi biljek bolýar. Şol web-saýtda üç ogrynyň öý eýeleri ýok wagty 18 öýi talandygy aýdylýar. Olar öýde hiç kimiň ýokdugyny nireden bildilerkä? Internetiň ýörite programmasy arkaly öý eýeleriniň nirededigini anykladylar we 100 müň dollardan gowrak zatlary ogurladylar.

 Erbetlige uçraýaň. Käbir adamlar Internetde hemmeler görer ýaly, utanman islän zadyny goýýar. Sara atly ýetginjek gyz şeýle diýýär: «Tanamaýan adamlaryň Internet sahypasyna girip-çykyp ýörseň, bir bela uçrarsyň. Muny nätanyş şäherde kartasyz aýlanyp ýören adama meňzetse bolar. Şeýdip, sen entäp, barmaly däl ýere bararsyň».

 Gymmatly wagtyňy ýitirýäň. Ýolanda atly bir gyz şeýle diýýär: «Dostlarymyň Internetde soňky goýan suratlaryna seredip, hatlaryny okap, güýmenenimi duýman galýan. Hatda her sekuntda näme täzelik barka diýip, telefonyma seredip durýan».

Surat goýýan Internet sahypaň bar bolsa, özüňe erk et!

 Samanta atly ýetginjek gyz hem şeýle diýýär: «Men şeýle saýtlara näçe wagtymy sarp edýändigimi hemişe barlap durýan. Eger Internetde surat üçin sahypa açjak bolsaň, özüňe erk etmeli bolýar».

 Sen näme edip bilersiň?

  •   Erbet zatlara seretmezligi ýüregiňe düw. Mukaddes Ýazgylarda: «Erbet zady gözümiň öňünde tutmaryn» diýilýär (Zebur 101:3).

     «Men Internet sahypamdaky adamlaryň goýýan suratlaryny hemişe barlap durýan. Eger suratlar ynsabyma ezýet berse, şol adamlary kontaktymdan aýyrýan» (Stiwen).

  •   Gymmat saýýan zatlaryňa hormat goýmaýan adamlar bilen gatnaşma. Olar seni ahlaksyzlyga iterip biler. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Aldanmaň. Erbetler bilen gatnaşyk etmek gowy endikleri bozýandyr» (1 Korinfliler 15:33).

     «Internetde hemmeleriň gowy hasaplap goýýan suratlaryny görjek bolma. Köplenç şeýle suratlarda sögünç sözler, ýarym-ýalaňaç adamlar ýa-da başga-da erbet zatlar bolup biler» (Jesika).

  •   Internetde surat goýmak üçin näçe wagt sarp edýäniňe we olary näçe wagtdan çalşyp durýanyňa ünsli bol. Mukaddes Ýazgylarda: «Özüňizi alyp barşyňyza ünsli boluň. Akylsyzlar ýaly däl-de, akyldarlar ýaly ýaşaň. Wagtyňyzy peýdaly ulanyň» diýilýär (Efesliler 5:15, 16).

     «Men dyngysyz surat iberýän adamlardan aramy kesýärin. Meselem, bir adam deňze gidýär we birmeňzeş balykgulagyň suratynyň 20-sini iberýär. Bularyň hemmesini görjek bolsaň birgiden wagtyň gidýär» (Rebeka).

  •   Internetde goýýan suratlaryň başgalara «özüňden başga» hiç kim ýok ýaly bolup görünmesin. Mukaddes Ýazgylarda Pawlus resul: «Özüňiz hakda çendenaşa köp pikir etmäň» diýýär (Rimliler 12:3). Dostlaryňy goýýan suratlaryň ýa-da edýän işleriň bilen özüňe çekerin öýtme.

     «Käbirleri özüniň suratyny dyngysyz Internetde goýýarlar. Eger dost bolsak, daş-keşbiň nähilidigini olara ýatladyp durmak hökman däl» (Elison).