Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Näz-kereşme etmek erbetmi?

Näz-kereşme etmek erbetmi?

 Näz-kereşme näme?

 Käbir adamlar sözi ýa-da hereketi bilen gyzlara (oglanlara) halaýandygyny görkezýärler. Eýsem, birini halaýandygyňy bildirmek nädogrumy? Nädogry däl. Enn atly gyz şeýle diýýär: «Eger sen duşuşmaga taýyn we göz astyna alanyň bar bolsa, ony halaýandygyňy başga ýene nädip görkezip biljek?!»

 Emma käbiri ýaramaz niýet bilen hem näz-kereşme edýär. Bu makalada şu barada gürrüň ederis.

 «Biri bilen halaşmak üçin näz-kereşme etmek bir zat, emma başyny aýlap, soň ony taşlamak başga zat». Diana

 Näme üçin käbiri näz-kereşme edýär?

 Käbir adamlar öz hormatyny artdyrmak üçin näz-kereşme edýärler. Heýli atly gyz şeýle diýýär: «Oglanlaryň üns berýändigini bilseň, bu saňa ýaraýar».

 Ýöne halamaýan adamyňa bilgeşleýin näz-kereşme etmek zalymlyk hasaplanýar. Şeýle-de muňa baryp ýatan akylsyzlyk diýseň bolar. Mukaddes Ýazgylarda: «Düşünjesi kemlik edýäne akmaklyk şatlykdyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 15:21).

 Heýli sözüni şeýle dowam edýär: «Kimdir birine näz-kereşme edip başlamak zyýansyz bolup görünse-de, köplenç netijesi erbetlik bilen gutarýar».

 Näz-kereşme etmek howplumy?

  •   Näz-kereşme etmek abraýdan gaçyrýar.

     «Näz-kereşme edýän adam özüne ynamynyň ýokdugyny we jogapkärçiliksizdigini görkezýär. Onuň aldap, senden bir zatlar tama edýändigini görse bolýar». Jeremi

     Mukaddes Ýazgylarda: «Söýgi... öz peýdasyny gözleýän däldir» diýilýär (1 Korinfliler 13:4, 5).

     Şu barada oýlan: Sen haýsy sözleriň ýa-da hereketleriň bilen näz-kereşme edýän adam hökmünde tanalmagyň mümkin?

  •   Näz-kereşme adamyň ýüregine ýara salýar.

     «Eger biri maňa näz-kereşme etjek bolsa, onuň bilen gepleşmek hem islemeýärin. Sebäbi ol diňe gyz maşgala bolandygym üçin maňa görünmek isleýär. Ol muny özüne üns çekdirjek bolup edýär, sen hakda bolsa asla alada etmeýär». Jaklin

     Mukaddes Ýazgylarda: «Goý, her kes öz peýdasyny däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlesin» diýilýär (1 Korinfliler 10:24).

     Şu barada oýlan: Sende şeýle bolup görüpdimi, biri saňa üns berýär, ýöne biraz wagtdan onuň saňa hiç hili duýgusynyň ýokdugyna düşünýärsiň? Şonda özüňi nähili duýduň? Biriniň ýüregine ýara salmaz ýaly, sen näme edip bilersiň?

  •   Näz-kereşme etseň, hakyky söýgini elden gidirersiň.

     «Näz-kereşme edýän adam bilen hiç kim maşgala gurmak, hatda duşuşmagam islemez. Eýsem, şeýle adamy tanap ýa-da oňa ynanyp bolýarmy näme?» Oliwiýa

     Mukaddes Ýazgylarda mezmurçy Dawut şeýle diýdi: «Ikiýüzlüler bilen gatnaşyk etmerin» (Zebur 26:4).

     Şu barada oýlan: Näz-kereşme edýän adam kimi öz toruna düşürjek bolýar? Sen onuň oljasy bolasyň gelermi?