ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Oral (agyz arkaly) jynsy gatnaşyk etmek dogrumy?
ABŞ-nyň saglygy goraýyş we keseliň öňüni alyş merkeziniň hasabatyna görä, 15—19 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň ýarysy diýen ýaly oral jynsy gatnaşyk bilen meşgullanypdyr. Oral jynsy gatnaşygy baradaky kitabyň awtory Şarlin Eýzam şeýle diýýär: «Ýetginjekler bilen ol (oral jynsy gatnaşygy) hakda gürrüň etseň, olar muny ýaramaz iş hasaplamaýarlar. Hatda ony jynsy gatnaşykdyram öýtmeýärler» («Oral Sex Is the New Goodnight Kiss»).
Sen bu barada näme pikir edýärsiň?
Aşakda getirilen soraglara jogap ber.
Oral jynsy gatnaşygy bilen meşgullanan gyz göwreli bolup bilermi?
Hawa
Ýok
Ol saglygyňa zyýan ýetirýärmi?
Hawa
Ýok
Şeýle gatnaşyk jynsy gatnaşyk etmegi aňladýarmy?
Hawa
Ýok
Deliller nämäni görkezýär?
Öz jogaplaryňy aşakdakylar bilen deňeşdir.
Oral jynsy gatnaşygy bilen meşgullanan gyz göwreli bolup bilermi?
Jogaby: Ýok. Şol sebäpli-de köp adamlar bu hiç hili zyýan ýetirmeýär diýip pikir edýärler.
Ol saglygyňa zyýan ýetirýärmi?
Jogaby: Hawa. Şeýle jynsy gatnaşyk edýän adam gepatit (A ýa-da B), sözenek (gonoreýa), AIW (SPID keseline eltýän wirus), merezýel (sifilis) ýaly jyns ýoly bilen geçýän kesellere uçraýar.
Şeýle gatnaşyk jynsy gatnaşyk etmegi aňladýarmy?
Jogaby: Hawa. Biriniň jyns organlaryny ellemek bilen bagly, şol sanda oral, anal (täret deşigi) we masturbasiýa ýaly islendik gatnaşyk jynsy gatnaşyk hasaplanýar.
Muny bilmek näme üçin wajyp?
Gel, bu babatda Mukaddes Ýazgylarda getirilýän käbir aýatlara seredeli.
Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Hudaýyň islegi şudur: ahlaksyzlykdan gaça durmalysyňyz» (1 Selanikliler 4:3).
Grek dilinden «ahlaksyz» diýip terjime edilen söz nikada bolmadyk adamlaryň arasyndaky islendik jynsy gatnaşygy aňladyp, oňa oral, anal we masturbasiýa ýaly jynsy gatnaşyklar hem degişli. Jynsy ahlaksyzlyk eden adam munuň ajy miwesini görer, has erbedi bolsa Hudaý bilen dostlukly gatnaşygyny ýitirer (1 Petrus 3:12).
Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ahlaksyzlyk edýän adam öz bedenine garşy günä edýändir» (1 Korinfliler 6:18).
Oral jynsy gatnaşygy beden, ruhy we duýgy taýdan zyýan ýetirýär. Bu barada bir kitapda şeýle diýilýär: «Adam eden işine ökünip, özüni ejiz we ulanylyp, taşlanan ýaly duýýar. Eger ol nädogry jynsy gatnaşyk etse, onuň nähili görnüşi bolandygyna garamazdan, adam özünde ýaramaz duýgulary başdan geçirýär. Munuň başgaça bolmagy mümkin hem däl» («Talking Sex With Your Kids»).
Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Peýdaly zady öwredýän size,.. Hudaýyňyz Reb Mendirin» (Işaýa 48:17).
Seniň pikiriňçe, Hudaýyň jyns gatnaşyk babatda berýän kanunlary peýdalymy? Ýa-da olar seniň erkinligiňi çäklendirýärmi? Bu soraglara jogap bermek üçin bir mysala seredeli. Köp ugurly hem ulagly, tizligi görkezilen, ýol görkezijisi bolan, saklanmalydygyny görkezýän belgili ýoly göz öňüne getir. Bu belgiler seniň erkinligiňi çäklendirýärmi ýa-da goraýar? Sen we başga sürüjiler olara üns bermese näme bolar?
Hudaýyň kada-kanunlary barada hem şeýle diýse bolar. Eger olary inkär etseň, eden işiň netijesini görersiň (Galatýalylar 6:7). Bir kitapda şeýle diýilýär: «Ynançlaryňa we gymmat saýýan zatlaryňa garşy hereket edip, nädogry işlere baş goşsaň, özüňe bolan hormatyňy ýitirersiň» («Sex Smart»). Emma Hudaýyň kadalary boýunça ýaşasaň, ýokary ahlakly adamdygyňy görkezersiň. Galyberse-de, ynsabyň päk bolar (1 Petrus 3:16).