ÝAŞLARYŇ SOWALLARY
Seniň köpler bilen dostlaşasyň gelýärmi?
«Men dost-ýarlarym bilen özümi gaty rahat duýýan. Başga biri bilen dostlaşmagy göz öňüme-de getirip bilemok» (Alan).
«Meniň dostlarym kän däl, ýöne bu maňa ýaraýar. Aslynda, tanamaýan adamlarym bilen dostlaşmagy halamok» (Sara).
Senem käte özüňi Alan bilen Sara ýaly duýýaňmy? Köplenç şol bir adamlar bilen gatnaşyp, başgalar bilen dostlaşmagy kyn görýäňmi?
Kyn görýän bolsaň, onda bu makala seniň üçin!
Kiçi toparlaryň kynçylyklary
Ýakyn dostlaryň bilen bile bolmagyň hiç hili erbetligi ýok. Kiçi toparda seni özüne has ýakyn hem-de bolşuň ýaly görüp, kemçilikleriňe-de üns bermeýärler.
«Seni biri gowy görse begenýäň, sebäbi ýeke däldigiňi duýýaň. Ýaşkaň, hasam biri bilen ýakyn dost bolmagy küýseýäň» (Karen, 19 ýaşynda).
Bilýäňmi? Isa pygamberiň köp dostlary bolupdyr, şol sanda 12 resuly bilen hem dostlaşypdyr. Ýöne üç resuly—Petrus, Ýakup we Ýahýa onuň iň ýakyn dostlarydy (Markus 9:2; Luka 8:51).
Emma diňe kiçi topar bilen dostlaşsaň we başgalary goşmasaň, käbir kynçylyklar dörär. Meselem:
Gowy adamlar bilen dostlaşmak mümkinçiligini elden gidirýäň.
«Diňe özüňkä meňzeş häsiýetli adamlar bilen dostlaşsaň, onda durmuşyň gyzygy-da bolmaz, gowy dost hem tutunyp bilmersiň» (Ewan, 21 ýaşynda).
Ulumsy bolup görünmegiň mümkin.
«Hemişe şol bir adamalar bilen gatnaşsaň, başgalara biperwaý garaýan ýaly görünýäň» (Sara, 17 ýaşynda).
Senem başgalaryň üstünden gülüp başlarsyň.
«Belki seň özüň biriniň üstünden gülmersiň, ýöne dostlaryň gülse, saňa-da ýarar, hatda gülkünç hem bolup görner» (Jeýms, 17 ýaşynda).
Seniň üçin dostlaryň göwnüni tapmak iň wajyp zat bolsa, onda betbagytçylyga uçrarsyň.
«„Gazana ýanaşsaň garasy ýokar” diýlişi ýaly, dostlaryň arasynda-da biri erbetlik etse, beýlekilerem şony edip başlaýar» (Martina, 17 ýaşynda).
Sen näme edip bilersiň?
Ahlak kadalaryňy barla.
Özüňe şeýle soraglar ber: «Men nähili ahlak kadalara eýerýärin? Dostalarym ahlak kadalara görä ýaşamaga kömek edýärmi ýa-da päsgel berýär? Dostlarym menden geçmez ýaly, men ähli zada razymy?»
Mukaddes Ýazgylardaky prinsip: «Aldanmaň. Erbetler bilen gatnaşyk etmek ýagşy ahlagy zaýalaýandyr» (1 Korinfliler 15:33, çykgyt).
«Eger dostalaryň eýerýän ahlak kadalary seniňki ýaly bolmasa, onda senem kem-kemden pikir etmedik zatlaryňy edip başlarsyň» (Ellen, 14 ýaşynda).
Wajyp saýýan zatlaryňy barla.
Özüňe şeýle soraglar ber: «Dostlarym menden geçer öýdüp, ynanýan zatlarymdan ýüz öwürmäge taýynmy? Dostum nädogry bir iş etse, men näme ederin?»
Mukaddes Ýazgylardaky prinsip: «Men söýýänlerimiň ählisine käýeýändirin» (Ylham 3:19).
«Dostlaryňdan biri erbet iş etse, Ýehowa wepalylygyň synalýar, sebäbi onuň etmişi hakda birine aýtsaň, dostuňy satýan ýaly bolmagy mümkin» (Melani, 22 ýaşynda).
Köpräk dost edin.
Özüňe şeýle sorag ber: «Gowy tanamaýan adamlar bilenem dostalaşyp bilerinmi?»
Mukaddes Ýazgylardaky prinsip: «Diňe öz bähbidiňizi gözlemän, başgalaryňkyny hem agtaryň» (Filipililer 2:4).
«Köpleriň halamaýan we dostlaşmak islemeýän oglanlary, aslynda, öýünde-de gün görmeýär. Ýöne olary ýakyndan tanasaň, gowy häsiýetlerini görse bolýar» (Braýn, 19 ýaşynda).
Mundan nähili netije çykarsa bolýar? Kiçi topar bolup dostlaşmagyň hiç hili erbetligi ýok. Ýöne başgalar bilenem dostlaşsaň gowy bolmazmy? Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Suwdan gandyrýanyň özi-de suwdan gandyrylar» (Süleýmanyň tymsallary 11:25).