Şeýtany Hudaý ýaratdymy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitap Şeýtany Hudaýyň ýaratmandygyny görkezýär. Hudaýyň ýaradan perişdeleriniň biri soňra Şeýtan boldy. Mukaddes Kitapda Hudaý barada: «Işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr» diýilýär (5 Musa 32:3—5). Bu sözlerden görşümiz ýaly, Şeýtan Iblisem ilkibaşda kämildi we dogry saýylýan Hudaýyň perişdeleriniň biridi.
Ýahýa 8:44-de Isa pygamberiň belläp geçişi ýaly, Iblis «hakykatda berk durup bilmedi». Bu bolsa Şeýtanyň bir wagtlar dogruçyl hem-de günäsiz bolandygyny görkezýär.
Ýehowanyň ýaradan beýleki perişdelerine hem-de adamlara berlişi ýaly, Şeýtana-da erkinlik berlipdi, nämäniň dogrudygyny we nädogrudygyny onuň özi saýlap bilýärdi. Şol perişde nädogry ýoly saýlap, Hudaýa garşy çykdy we ilkinji ynsan maşgalasyny hem özüne goşulmaga iterdi. Şeýdip, ol Şeýtan, ýagny «Duşman» adyny aldy (1 Musa 3:1—5; Ylham 12:9).