Adamlar näme üçin ölýär?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Esasan-da, dogan-garyndaşlarymyz aradan çykanda, biz: «Adam näme üçin ölýär?» diýip soraýarys. Injilde: «Ölüme eltýän zäher günädir» diýilýär (1 Korinfliler 15:56).
Näme üçin adamlaryň hemmesi günäli we ölýär?
Ilkinji ynsan, ýagny Adam ata bilen How ene Hudaýa garşy günä edendikleri üçin ýaşaýşyndan mahrum boldular (1 Musa 3:17—19). Ölüm, Adam ata bilen How enäniň Hudaýa garşy eden pitnesiniň netijesi. Sebäbi Hudaý «ýaşaýşyň gözbaşy» (Zebur 36:9; 1 Musa 2:17).
Adam ata ähli nesillerine günäni miras galdyrdy. Mukaddes Kitapda: «Bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi, sebäbi hemmeler günä etdi» diýilýär (Rimliler 5:12). Adamlaryň ählisi günälidigi üçin ölýär (Rimliler 3:23).
Ölüm ýok edilermi?
Hudaý: «Ölümi ebedilik ýuwudaryn» diýip wada berýär (Işaýa 25:8). Ölümi ýok etmek üçin onuň düýp sebäbi bolan günäni aýyrmaly. Hudaý muny «dünýäniň günälerini ýuwýan» Isa Mesih arkaly eder (Ýahýa 1:29; 1 Ýahýa 1:7).