Esasy materiala geçiň

Dowamly keselden ejir çekýän bolsam Mukaddes Kitap kömek edermi?

Dowamly keselden ejir çekýän bolsam Mukaddes Kitap kömek edermi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hawa. Hudaý ýarawsyz gullukçylarynyň hem aladasyny edýär. Mukades Ýazgylarda Hudaýyň wepaly gullukçylary barada şeýle diýilýär: «Hassalyk düşeginde Reb ony söýgetlär» (Zebur 41:3). Sizem dowamly keselden ejir çekýän bolsaňyz, aşakdaky üç ädim muňa döz gelmäge kömek eder:

  1.   Çydamly bolmak üçin güýç soramak. Siz «ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygyny» gazanarsyňyz. Bu size berkemäge we keseliňiz barada aşa köp alada etmezlige kömek eder (Filipililer 4:6, 7).

  2.   Dogry garaýşy saklamak. Mukaddes Kitapda: «Şadyýan ýürek oňat şypadyr; synyk ruh bolsa süňkleri guradýandyr» diýilýär (Nakyllar 17:22). Degişmegi unutmaň. Bu diňe bir aladalaryňyzy ýeňmäge kömek etmän, eýsem saglygyňyza-da gowy täsir eder.

  3.   Gelejege bolan umydyňy berkitmek. Gelejege bolan umyt dowamly keselden ejir çekýändigiňize garamazdan, size şatlyk berer (Rimliler 12:12). Mukaddes Kitapda tizden hiç bir adamyň: «Men syrkaw» diýmejekdigi pygamberlik edilýär (Işaýa 33:24). Şonda Hudaý häzirki ylmyň bejerip bilmedik dowamly kesellerini bejerer. Meselem, Mukaddes Kitapda garry adamlaryň täzeden ýaş we sagdyn boljakdygy barada şeýle diýilýär: «Goý, onuň teni çaganyňky kimin täzelensin, ol ýaşlyk döwrüne dolanyp barsyn» (Eýýup 33:25).

 Bellik: Ýehowanyň Şaýatlary ähli zatda Hudaýyň kömegine bil baglasa-da, dowamly keselden ejir çekenlerinde lukmanlara ýüz tutup, bejergi alýarlar (Markus 2:17). Elbetde, biz belli bir bejergini almagy makullamasakda, bu meselede her bir adamyň özüniň karara gelýändigini unutmaýarys.