Göwnüçökgünlige düşsem Mukaddes Kitap kömek edermi?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Hawa, sebäbi iň gowy kömek «göwni synyklara teselli berýän Hudaýdan» gelýär (2 Korinfliler 7:6).
Hudaý göwnüçökgünlige düşenlere nädip kömek edýär?
Güýç berýär. Hudaý gudrat bilen biziň kynçylyklarymyzy aýyrmaýar, ýöne doga edip güýç sorasak, ýüregimize giňlik berýär (Filipililer 4:13). Onuň hemişe bizi diňlemäge taýyndygyna ynamly bolup bileris. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Reb göwni synyklara ýakyndyr we ruhy ökünçlileri gutarýandyr» diýilýär (Zebur 34:18). Şeýle-de Ol duýgularymyzy hatda söz bilen aýdyp bilmeýän wagtymyzam edýän dogalarymyzy diňleýär (Rimliler 8:26, 27).
Başgalaryň göreldesi. Mukaddes Kitaby ýazan adamlaryň biri Hudaýa şeýle doga etdi: «Çuňluklardan Seni çagyrýaryn, ýa Reb». Mezmurçy göwnüçökgünlige düşende, Hudaýyň günäleri bagyşlaýandygyny özüne ýatlatdy. Şeýle-de ol Hudaýa: «Günäleri hasaba alsaň, ýa Reb Hudaý, onda kim durup biler? Emma Senden gorkular ýaly, Sende geçirimlilik bardyr» diýdi (Zebur 130:1, 3, 4).
Umyt berýär. Hudaý diňe häzir teselli bermek bilen çäklenmän, eýsem, göwnüçökgünlige düşmegimize sebäp bolýan kynçylyklaryň ählisini gelejekde aýyrjakdygyny wada berýär. Onuň bu wadasy ýerine ýetende «öňki zatlar ýatlanmaz, ýada düşmez» (Işaýa 65:17).
Bellik: Ýehowanyň Şaýatlary ähli zatda Hudaýyň kömegine bil baglasa-da, göwnüçökgünlikden ejir çekenlerinde lukmanlara ýüz tutup bejergi alýarlar (Markus 2:17). Elbetde, biz belli bir bejergini almagy makullamasak-da, bu meselede her bir adamyň özüniň karara gelýändigini unutmaýarys.