Näme üçin dünýäde hristian dini köp?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Adamlar Isa pygamberiň taglymatyna esaslanýandyr öýdüp, ençeme hristian dinini döretdiler. Emma Mukaddes Kitapda onuň taglymatyna esaslanan ýeke-täk diniň bardygy aýdylýar. Geliň, munuň üç sebäbine seredeliň.
Isa pygamber öwredýän zatlarynyň «hakykatdygyny» aýtdy, I asyrda ýaşan mesihçiler hem «hakykat ýolunda gezendiklerini» aýtdylar (Ýahýa 8:32; 2 Petrus 2:2; 2 Ýahýa 4; 3 Ýahýa 3). Diýmek, Isa pygamberiň taglymatyna garşy gelýän din hakyky din bolmaýar.
Mukaddes Kitapda Isanyň şägirtleriniň «ähli zatda ylalaşykly bolmalydygy» barada aýdylýar (1 Korinfliler 1:10). Emma hristian dinleriniň taglymatlary bir-birine garşy gelýär. Hatda olar «Isanyň şägirdi bolmak nämäni aňladýar?» diýen ýaly wajyp meselede-de bir pikire gelip bilmeýärler. Şol sebäpli olaryň ählisine hakyky din diýip bolmaýar (1 Petrus 2:21).
Isa Mesih özüni onuň şägirdi hasaplap, ýöne tabşyrygyny berjaý etmeýän adamlary inkär etjekdigini pygamberlik etdi (Matta 7:21—23; Luka 6:46). Şeýle-de ol öz bähbidine çapyp, Hudaýyň hakykatyny ýoýýan dini ýolbaşçylaryň käbir adamlary aldajakdygyny duýdurypdy (Matta 7:15). Başgalar bolsa Mukaddes Kitapdaky hakykaty däl-de, gulaklaryna ýakýan zatlary gürrüň berjek hristian dinini kabul ederler (2 Timoteos 4:3, 4).
Isa pygamber «Bugdaý we haşal ot» mysalynda hakyky şägirtleriniň arasynda imandan dänip, hakykata garşy gidýän adamlaryň peýda boljakdygyny hem-de olary uzak wagtlap ýalan şägirtlerden tapawutlandyryp bolmajakdygyny aýtdy (Matta 13:24—30, 36—43). Isanyň aýdyşy ýaly, resullar aradan çykandan soň, imandan dänip, hakykata garşy gidýän adamlar has-da köpeldi (Resullar 20:29, 30). Şeýle adamlaryň taglymaty bir-biriniňkiden tapawutlansa-da, olaryň bary «hakykat biliminden ýüz öwürdiler» (2 Timoteos 2:18).
Isa hakyky we ýalan şägirtleriniň arasyndaky tapawudynyň ahyrsoňy mese-mälim boljakdygyny hem öňünden aýdypdy. Bu zatlar biziň döwrümizde, ýagny «dünýäniň soňunda» bolup geçýär (Matta 13:30, 39).