Hudaýyň ady barmy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Hemme adamyň ady bar. Onda Hudaýyňam ady bar diýsek dogry bolmazmy? Adamlar dost-ýarlary bilen gatnaşanda, biri-biriniň adyny tutýarlar. Hudaý bilen dostlaşmak üçinem şeýle etmeli dälmi näme?
Mukaddes Kitapda Hudaý: «Men Ýehowadyryn, bu Meniň adymdyr» diýýär (Işaýa 42:8, TD). Hudaýyň «Gudratygüýçli Alla», «Beýik Hökümdar» we «Ýaradyjy» ýaly köp titullary hem bar. Ol öz gullukçylaryna adyny tutmaga rugsat berip, uly hormat bildirýär (1 Musa 17:1; Resullar 4:24; 1 Petrus 4:19).
Mukaddes Kitabyň köp terjimelerinde 2 Musa 6:3-de Hudaýyň ady duş gelýär. Bu aýatda: «Men Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba Gudratygüýçli Alla bolup göründim, emma Özümi Reb (Ýehowa, TD) adym bilen olara aýan etmedim» diýilýär.
Asyrlar boýy Hudaýyň ady «Ýehowa» diýip ulanylýar. Alymlaryň köpüsi Hudaýyň adyny «Ýahwe» diýip tutmaly diýse-de, «Ýehowa» diýen at giňden ýaýrady. Mukaddes Kitabyň ilkinji bölümi sagdan çepe okalýan ýewreý dilinde ýazylypdy. Şol dilde Hudaýyň ady 4 sany çekimsiz harp bilen (יהוה) ulanylypdyr. Ýewreý dilindäki şol harplar türkmençe ÝHWH görnüşinde ýazylyp, oňa tetragrammaton diýilýär.