Mukaddes Kitapda Hudaýyň pikirleri ýazylanmy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitaby ýazan adamlaryň köpüsi Hudaýyň sözlerini ýazandygyny belläp geçýärler. Geliň, bu babatda käbir mysallara seredeliň.
Dawut patyşa: «Rebbiň ruhy meniň üstüm bilen gepleýär, Dilimde Onuň sözleri» diýdi (2 Şamuwel 23:1, 2).
Işaýa pygamber: «Taňry Hökmürowan Reb şeýle diýýär» diýip ýazdy (Işaýa 22:15).
Ýahýa resul: «Hudaý... Isa Mesih arkaly şu ylhamly sözleri berdi» diýdi (Ylham 1:1).