Iblis adamlara täsir edip bilýärmi?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Iblis bilen jynlar adamlara güýçli täsir edýär. Şol sebäpli Injilde, «Bütin dünýä... Şeýtanyň goly astynda» diýilýär (1 Ýahýa 5:19). Mukaddes Kitapda Iblisiň adamlara nädip täsir edýändigi barada aýdylýar.
Mekirlik. Mukaddes Kitapda «Iblisiň hilelerine garşy durmak» maslahat berilýär (Efesliler 6:11). Köplenç Iblis öz yzyna eýerýänleri Hudaýyň gullukçysy hökmünde görkezip, adamlary mekirlik bilen aldaýar (2 Korinfliler 11:13-15).
Jadygöýlik. Iblis adamlary jadygöýler, palçylar we müneçjimler arkaly aldaýar (5 Musa 18:10—12). Neşe serişdeleri, ýesir ediji güýç (gipnoz) we meditasiýa (çuňňur oýa batyp) pikiriňde başga dünýä gitmek) ýaly zatlar adamlaryň aňyna täsir edip, jynlaryň ýesirligine düşürýär (Luka 11:24—26).
Ýalan din. Ýalan taglymatlary öwredýän dinler adamlary aldap, Hudaýa gulak asmazlyga iterýär (1 Korinfliler 10:20). Mukaddes Kitapda şeýle ýalan öwretmelere «zalym ruhlaryň, taglymatlary» diýilýär (1 Timoteos 4:1).
Jynlaryň täsiri. Mukaddes Kitapda zalym ruhlaryň adamlara agalyk edişi barada hem gürrüň berilýär. Onda jynly adamlaryň lal we kör bolandygy, hatda özlerini ýaralandygy barada aýdylýar (Matta 12:22; Markus 5:2—5).
Iblisiň täsirinden nädip gaça durmaly.
Jynlardan gorkmaly däl, sebäbi Mukaddes Kitapda Iblise nädip garşy durup bolýandygy barada aýdylýar.
Iblisiň «hilelerinden habarsyz» bolmaz ýaly, onuň ulanýan usullaryny öwreniň (2 Korinfliler 2:11).
Mukaddes Kitapdan bilim alyp, öwrenen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanyň. Ondaky prinsipleri ulansaňyz, sizi Iblisiň täsirinden gorar (Efesliler 6:11-18).
Jynlar bilen bagly ähli zatlaryňyzy taşlaň (Resullar 19:19). Muňa aýdym-sazlar, kitaplar, žurnallar, suratlar we jadygöýlige iterýän wideolar degişli.