Esasy materiala geçiň

Mesihiň duşmany kim?

Mesihiň duşmany kim?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mesihiň duşmany belli bir adam, topar ýa-da gurama däl. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Mesihiň duşmanlary has-da köpeldi» diýilýär (1 Ýahýa 2:18). Grek dilinden alnan «Mesihiň duşmany» diýen jümle «Mesihe garşy çykýan (ýa-da Mesihiň deregine gelen)» diýmegi aňladýar. Oňa şu aşakdakylar degişli:

 «Mesihiň duşmany» diýlende, diňe belli bir adamlar däl-de, Mukaddes Kitabyň aýtmagyna görä, ýokarda agzalan işleri köpçülikleýin edýänler hem degişli (2 Ýahýa 7). Mesihiň duşmanlary resullaryň döwründe döräpdi we olar häzirem bar. Sebäbi Mukaddes Kitapda olaryň boljakdygy öňünden aýdylypdy (1 Ýahýa 4:3).

Mesihiň duşmanlaryny nädip tanap bileris?

  •   Olar Isa barada ýalan zatlary ýaýradýarlar (Matta 24:9, 11). Meselem, olar Troisa (üç ýüzli taňry) taglymatyny ýa-da Isanyň Gudratygüýçli Hudaýdygyny öwredýärler. Bu bolsa Isanyň: «Atam menden beýikdir» diýen sözlerine garşy gelýär (Ýahýa 14:28).

  •   Mesihiň duşmanlary Isanyň Hudaýyň Patyşalygy barada öwreden zatlaryny ret edýärler. Meselem, dini ýolbaşçylaryň käbiri Isa Mesihiň ynsan hökümetleri arkaly höküm sürýändigini aýdýarlar. Ýöne bu öwretme Isanyň: «Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl» diýen sözlerine garşy gelýär (Ýahýa 18:36).

  •   Olar Isany özleriniň Halypasy hasaplasalar-da, onuň aýdanlaryna, şol sanda «Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmeli» diýen tabşyrygyna gulak asmaýarlar (Matta 28:19, 20; Luka 6:46; Resullar 10:42).