Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitaba görä, bir jynsdaky adamlar durmuş gurup bilýärmi?

Mukaddes Kitaba görä, bir jynsdaky adamlar durmuş gurup bilýärmi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Adamzat hökümetleri heniz maşgala gatnaşyklary babatda tertip-düzgüni ýola goýup başlamanka, Ýaradyjymyz nika barada anyk düzgünleri goýdy. Mukaddes Kitabyň ilkinji kitabynda: «Erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen ýapyşar we olaryň ikisi bir ten bolar» diýilýär (1 Musa 2:24). Mukaddes Kitapdaky sözleri düşündirýän bir sözlükde aýdylmagyna görä, «aýal» diýip terjime edilen ýewreý sözi «zenan maşgalany aňladýar» («Vine’s Expository Dictionary of Biblical Words»). Isa pygamber hem maşgala gurýan adamlaryň «erkek we aýal» bolmalydygyny belläp geçdi (Matta 19:4).

 Görşümiz ýaly, Hudaý nikanyň erkek bilen aýalyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyk bolmagyny we onuň ömürlik dowam etmegini isleýär. Erkek adam bilen aýal maşgala biri-biriniň duýgy hem-de jynsy zerurlyklaryny kanagatlandyryp, ýetmezini doldurmak we çaga dünýä indirmek üçin ýaradyldy.