Mukaddes Kitapda erkinlik barada näme diýilýär? Hudaý kesgitleýärmi?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Hudaý bizi erkin edip ýaratdy. Şol sebäpli biziň özümiz karara gelip bilýäris. Ol ykbalymyzy öňünden kesgitlemeýär. Geliň, bu babatda Mukaddes Kitabyň näme öwredýändigine seredeliň.
Hudaý adamlary öz keşbinde ýaratdy (1 Musa 1:26). Instinkt boýunça hereket edýän haýwanlardan tapawutlylykda, biz söýgi we adalatlylyk ýaly häsiýetleri görkezýän Ýaradyjymyza meňzeýäris. Edil Ýaradyjymyz ýaly, bizde-de erkinlik bar.
Gelejegimiziň nähili boljakdygy biziň özümize bagly. Mukaddes Kitap bizi «ýaşaýşy saýlap,.. Oňa (Hudaýa) gulak asmaga» höweslendirýär (5 Musa 30:19, 20). Erkinligimiz bolmadyk bolsa, bu tabşyrygyň berilmegi peýdasyz, hatda zalymlyk bolardy. Hudaý bizi özüne gulak asmaga mejbur etmeýär, gaýtam, mähir bilen: «Tabşyryklaryma gulak asan bolsadyňyz, şonda abadanlygyňyz derýa deý,.. bolardy» diýýär (Işaýa 48:18).
Üstünlik gazanjagymyz ýa-da şowsuzlyga uçrajagymyz ykbala bagly däl. Edýän tagallalarymyzyň ýerine düşmegini islesek, janaýaman zähmet çekmeli. Mukaddes Kitapda: «Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et» diýilýär (Nesihat 9:10). Şeýle-de onda «işeňňir adamyň pikirleriniň diňe bolçulyga getirýändigi» aýdylýar (Nakyllar 21:5).
Erkinlik Hudaýyň gymmatly sowgady, onuň kömegi bilen biz Hudaýy «bütin ýüregimiz» bilen söýüp bilýäris. Sebäbi biz muny ýürekden isleýäris (Matta 22:37).
Hudaý ähli zada gözegçilik etmeýärmi?
Mukaddes Kitap Hudaýyň ähli zada güýjüniň ýetýändigini öwredýär. Onuň güýjüni özünden başga hiç kim çäklendirip bilmeýär (Eýýup 37:23; Işaýa 40:26). Ýöne Hudaý güýjüni ähli zada gözegçilik etmek üçin ulanmaýar. Meselem, Mukaddes Kitapda öz halkynyň duşmany bolan gadymy Wawilon şäheri babatda Hudaýyň «Özüni saklandygy» aýdylýar (Işaýa 42:14). Şonuň ýaly, Ol häzirem erkinligini başgalara zyýan ýetirmek üçin ulanýan adamlara sabyr edýär. Emma Onuň sabyr käsesi dolar (Zebur 37:10, 11).