O dünýä gysga wagtlyk baryp bolýarmy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Ölümiň gapysyndan baryp-gaýdan (kliniki ölüm) adamlaryň köpüsi öz bedeninden aýrylandygyny, adatdan daşary ýagtylygy ýa-da örän owadan ýeri görendiklerini aýdýarlar. Bir kitapda aýdylmagyna görä, käbir adamlar «az wagtlyk o dünýäni görendiklerini» gürrüň berýär («Recollections of Death»). Mukaddes Kitapda şeýle wakalar barada agzalmasa-da, adamlaryň o dünýäni görüp bilmeýändigi barada deliller getirilýär.
Ölen adamlar hiç zady bilmeýär.
Mukaddes Kitapda: «Ölüler hiç zat bilýän däldir» diýilýär (Nesihat 9:5). Ölen adam o dünýä gitmeýär, ol ýaşamagyny bes edýär. «Adam ölenden soň, onuň ruhy ýaşaýar» diýen düşünje Mukaddes Kitaba esaslanmaýar (Hyzkyl 18:4). Şol sebäpli ölümiň gapysyndan baryp-gaýdan adamlaryň gökdäki Jenneti, dowzahy ýa-da o dünýäni görmegi mümkin däl.
Lazar o dünýä barada gürrüň berdimi?
Mukaddes Kitapda Lazar atly adamyň ölendigi we dört günden soň, Isa pygamberiň ony direldendigi barada bir waka gürrüň berilýär (Ýahýa 11:38—44). Eger Lazar o dünýä düşen bolsa, onda Isanyň ony şu dünýäde ýaşamak üçin direltmegi adalatsyz bolardy. Emma Injilde Lazaryň ölenden soň bir zatlar görendigi barada agzalmaýar. Eger ol o dünýäni gören bolsa, bu hakda hökman gürrüň bererdi. Isa pygamberiň Lazaryň ölümini uky bilen deňeşdirendigini unutmalyň. Diýmek, Lazar aradan çykandan soň, hiç zady bilmändirem, duýmandyram (Ýahýa 11:11—14).